2017-nji ýy­lyň 21-23-nji few­ra­ly ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň Ser­gi­ler top­lu­myn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si ge­çi­ril­di. Bu ser­gi Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy hem-de Tür­ki­ýä­niň “Me­rid­ýen Ulus­la­ra­ra­si Fu­ar­çi­lik” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gur­nal­dy.
Ser­gä gat­naş­mak üçin Tür­ki­ýä­niň döw­let dü­züm­le­rin­iň 160-dan gowrak we­ki­lin­den hem-de 60 kom­pa­ni­ýa­nyň we kär­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ryn­dan hem-de hü­när­men­le­rin­den dü­zü­len we­kil­çi­lik­li to­par Aş­ga­ba­da gel­di. Eks­po­nent­le­riň ag­la­ba bö­le­gi hök­mün­de öz­le­ri­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni il­kin­ji ge­zek Türk­me­nis­tan­da gör­kez­ýän ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar çy­kyş et­di.
er­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, bi­ziň ýur­du­myz­da akk­re­di­tir­le­nen dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we­kil­le­ri, işe­wür­ler hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar beriş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Hal­ka­ra ser­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Gut­lag ha­ty­nyň okal­ma­gy bi­len baş­lan­dy. Mil­li Li­de­ri­miziň Gut­la­gyn­da: “Ýur­du­myz­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mek in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Bu ser­gi iki döw­le­tiň işe­wür to­par­la­ry üçin öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­ma­ga, hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek ba­bat­da pi­kir alyş­ma­ga oňat müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar” di­ýip bel­lenilýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, bu yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş iki do­gan­lyk ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de has-da ber­ke­me­gi­ne uly ýar­dam eder.
Fo­ru­myň açyl­yşyn­da çy­kyş eden Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy, yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Ib­ra­him Şe­nel Türk­me­nis­tan bi­len al­nyp ba­ryl­ýan söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi Tür­ki­ýä­niň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­rynyň bi­ridigini bel­läp geç­di. Kö­pu­gur­ly ser­gi­de türk ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri ta­ra­pyn­dan eks­port edil­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­ler – se­na­gat pu­dak­la­ry hem-de oba ho­ja­ly­gy üçin en­jam­la­ry we äti­ýaç­lyk şaý­la­ry, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri, dur­muş en­jam­la­ry we elekt­ro­ni­ka, ýu­wu­jy se­riş­de­leri, dür­li kos­me­ti­ka önüm­le­ri, ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry we kö­ke-süý­ji önüm­le­ri gör­ke­zil­di.