Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan parahat söýüjilik hem-de ynsanperwerlik syýasatynyň netijesinde, migrasiýa meselelerini netijeli çözmek üçin oňat mümkinçilikler döreýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 17-nji fewralynda ýurduň döwlet Baştutany wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen baglanyşykly geçirilen dabaradan soňra gol çeken ilkinji resminamalarynyň biri bu ugra gönükdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda raýatlyga kabul edilen adamlara pasportlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bu ýagdaý Türkmenistanyň halkara hukugynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar, raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýalarynyň kadalaryna üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Bu çäräniň öňüsyrasynda Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda türkmen diplomatlarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlarynyň, degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Raýatsyzlygy azaltmak boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesi” atly halkara duşuşygy geçirildi.
BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bosgunlara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirip, bu ugurda anyk ädimleri ätmek bilen dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar.
2013-nji ýyldan başlap, Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň hemişelik agzasy bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara – hukuk resminamalaryna – “Bosgunlaryň derejesi hakynda” Konwensiýa hem-de onuň Teswirnamasyna, BMG-niň “Apatridleriň derejesi hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýalaryna goşuldy we Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ugurda “Migrasiýa hakynda”, “Raýatlyk hakynda”, “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Alnyp barylýan ynsanperwer syýasatymyz netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dürli sebäplere görä ýurtlarynyň çäklerinden gitmäge mejbur bolan birnäçe goňşy we beýleki döwletleriň raýatlary üçin olaryň ikinji watanyna öwrüldi. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de halkymyzyň ynsanperwerliginiň milli däplerine eýerilip, bu ýerde bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin hemme şertler döredilýär.
Muňa şu aşakdaky sanlar şaýatlyk edýär:
2005-nji ýylda meýletinlik esasynda 13 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyny aldy, olardan 9 müň 500-e golaý adam bosgunlardyr.
Mundan başga-da 3 müňden gowrak adam ýaşamak üçin ygtyýarnama aldy, olaryň hem 1800-si bosgunlardyr.
2011-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň raýatlygyna 4 müň adam, 2014-nji ýylda 786 adam kabul edildi. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýene-de 361-si pasport aldylar.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2016-njy ýylyň 9-njy dekabrynda ýene-de 1381 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekilmegi bu ugurda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.