Niderlandlaryň Wageningen uniwersitetiniň gözlegçiler topary alyp baran täze ylmy-barlag işleriniň çäklerinde oba hojalygy üçin geljegi uly bolan mör-möjekleri atlandyrdylar. Alymlar bu oňurgasyz jandarlaryň belok maddalarynyň köp mukdaryny özünde toplaýan möhüm iýmit çeşmesidigini we olaryň galyndylarynyň oba hojalyk ekinleri üçin ýaramlydygyny ýüze çykardylar. Bilermenler ilki bilen, un tomzagy (“Tenebrio molitor”), öý çyrlaklary (“Acheta domesticus”), adaty tomzak (“Alphittobius diaperinus”), öý siňegi (“Musca domestica”) ýaly görnüşleriniň has peýdalydygy maslahat berýärler. Mysal üçin, geçirilen tejribeler görä un tomzagynyň liçinkasynyň sarp edýän 2 kg iýmitinden 1 kg galyndy görnüşde belokly madda bölünip çykýar. Şeýle hem şol bölünip çykýan belokly galyndyny ekinlere ulanyldanda ýokary netije berýänligini görkezdi. Bulardan başga-da alymlar ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak üçin mör-möjekleriň bölüp çykarýan galyndylarynda peýdaly himiki we organogen elementler hem köp saklanýar. Olar bolsa topragyň hilini ýokarlandyryp, azot bilen baýlaşdyrýar, ösümlikleriň ösmegini, öndürijiligini, patogenlere garşy durnuklylygyny artdyrýar. Şeýle maddalaryň topraga düşmegi netijesinde toprakdaky mikro bedenjikleriň hem işjeňligi çaltlanýar, netijede toprakda howa çalşyk hadysalary, maddalaryň ösümlige kök arkaly geçirijiligi belli bir derejede ýokarlanýar. Geçirilen gözlegleriň çäklerinde alymlar mör-möjekleriň gaýnadylandan soň galýan ekzoskeletleriniň hem örän ýaramlydygyny anykladylar.

Aýsolmaz Akmuhammedowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby