Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Golaýda bu taslamanyň has-da ilerledilmegi babatda ýene-de bir möhüm ylalaşyga gol çekildi. Owganystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, Kabulda TOPH gaz geçirijisi boýunça barlag işlerine badalga berildi. Bu babatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezident köşgünde “Owgangaz” kompaniýasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Kaýýum Raşid hem-de Germaniýanyň “ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
Ähtnama laýyklykda, gaz geçirijisiniň owgan böleginde inžener-tehniki hem-de ykdysady barlaglar geçiriler. Owganystanyň nebit we magdan ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gazal Habibýar bu barada eden çykyşynda, taslamanyň iki tapgyrda amala aşyryljakdygyny belläp geçdi.
Ilkinji tapgyrda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekmek, inžener-tehniki we beýleki barlaglary geçirmek, gaz geçirijisiniň geçýän bölegini taýýarlamak işleri durmuşa geçiriler. Ikinji tapgyrda bolsa taslamanyň gurluşygyna girişiler.
Gol çekmek dabarasyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, pudaklaýyn ministrlikleriň ýolbaşçylary, «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň hem-de “ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Aşgabatda «TAPI Pipeline Company Limited» bilen «ILF Beratende Ingenieure GmbH» kompaniýasynyň arasynda TOPH gaz geçirijisiniň Owganystan-Pakistan çägine düşýän böleginiň Başlangyç tehniki taslamasyny taýýarlamak (Front End Engineering & Design) hem-de Taslamany dolandyrmak we tehniki gözegçiligini amala aşyrmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça şertnama gol çekilipdi.
Ýakyn wagtda Germaniýanyň kompaniýasy tarapyndan TOPH taslamasynyň Pakistan böleginde-de inžener-tehniki barlaglary geçirmäge girişmegi göz öňünde tutulýar.
TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berildi. Häzirki wagtda gurluşyk işleri ýokary depginlerde dowam edýär.
Parahatçylygyň we durnuklylygyň taslamasy adyny alan TOPH magistral gaz geçirijisiniň gurluşygy Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Ol Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna «mawy ýangyjy» uzakmöhletleýin ibermäge mümkinçilik berer. Bu bolsa, sebitiň ykdysady taýdan ösmegine, onuň durmuş abadançylygynyň ýokarlanmagyna goşandyny goşar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji fewralynda resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy ýurdumyza köp möçberde girdeji bermekden başga-da, goňşy halklaryň ojaklaryna ýylylyk we ýagtylyk getirer.