Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, daşary ýurt önümleriniň ornuny tutýan hem-de giň bäsdeşlige ukyply ýerli harytlary öndürmek milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň elektron senagaty kärhanalary yzygiderli önümçilige girişdi.
Hususan-da, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde döredilen “Senagat tehnologiýalary” paýdarlar jemgyýeti elektron maglumat kiosklarynyň prototipini işläp taýýarlady we çykardy.
Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni tarapyndan “Sowatly gurluşyk” hojalyk birleşigi bilen bilelikde guralan “Elektron ylhamy” hojalyk jemgyýeti tarapyndan elektrik energiýany paýlaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu kärhanada her ýyl paýlaýjy enjamlaryň 250-ä çenlisini öndürmek maksat edinilýär.
Geljegi uly ugurlaryň ýene-de biri ýurdumyzda yşyklandyryjy enjamlaryň, şol sanda LED lampalaryň önümçiligini döretmekdir. Şu maksat bilen döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti zerur enjamlary gurnamak we sazlamak işlerini alyp barýar. Şeýle hem elektrik energiýanyň sarp edilişini ölçeýji elektron hasaplaýjyny öndürmek üçin enjamlar gurnalýar. Bu işler Senagat ministrligi we “Gap Inşaat” türk kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkyň sarp edýän elektron we elektrotehniki abzallaryny öndürjek kiçi kärhanalary döretmek Döwlet maksatnamasynyň möhüm ugrudyr. Bu meýiller döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuşa geçiriler, sebitleriň ykdysadyýetiniň ösmegini we täze iş orunlaryň döremegini üpjün eder.
Geljekde ýerli çig maldan hem-de ýurdumyzda alnyp barylýan köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň esasynda Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän serişdeleri çykarjak önümçiligi döretmek hem maksat edinilýär.
Köneürgenç etrabynda iri
ýyladyşhana toplumy gurulýar
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça “Gök ýyldyz” hususy kärhanasy tarapyndan iri ýyladyşhana toplumy gurulýar.
Toplumyň umumy meýdany on dört gektara deň bolup, onuň on gektarynda ýyladyşhana hojalygy ýerleşer. Bu ýerde şeýle hem edara binasy, gök önümler saklanylýan ammar, önümleri saýpallamak we gaplamak üçin ulgam, tehniki desgalar bina ediler.
Ýyladyşhananyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy häsiýete eýe bolan polikarbonat we aýna peýdalanylar. Witamine baý önümleri ýetişdirmek üçin aňrybaş şertler dörediler. Ýylylyk we yşyklandyryş kadalarynyň berjaý edilmegi, topragyň çyglylygynyň we ýokumly maddalara baý bolmagynyň üpjün edilmegini ýörite enjam arkaly amala aşyrylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri gök-miwe önümleriniň önümçiligi boýunça ýyladyşhanalary Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda hem gurýarlar. Munuň özi azyk bolçulygynyň döredilmeginde we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginde möhüm ädimdir.