2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary örän uly jemgyýetçilik-syýasy waka bolmak bilen jemgyýetimiziň agzybirliginiň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Saýlaw çäresi hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde hem-de umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, hakyky demokratik esasda gizlin ses bermek hem-de raýatlaryň erkin erk-islegini beýan etmek, bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirildi. Ýurdumyza gelen abraýly guramalara hem-de düzümlere wekilçilik edýän halkara synçylary hem saýlawlaryň geçirilişine ýokary baha berdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda hormatly Prezidentimiziň gazanan ynamly ýeňşi ýurtda amala aşyrylan ajaýyp özgertmeler üçin halkymyzyň öz milli Liderine çäksiz minnetdarlygynyň netijesidir. Hakykatdan-da, döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli syýasaty, beýik başlangyçlary halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky aladalardan, Watanymyzy has kuwwatly, has baý etmäge bolan maksatlaryndan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň badalga beren özgertmeler syýasaty ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan ýurdumyzyň, baý medeni mirasy bolan halkymyzyň dünýä giňişliginde ýokary baha eýe bolmagyny üpjün etdi.
Soňky ýyllarda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamasy öz oňyn netijesini berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary derejesi, gazanan üstünlikleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda eýelenen sepgitler hormatly Prezidentimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr.
Milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynyň önümçilik we eksport kuwwaty artdyrylýar. Täze önümçilik kuwwatlyklary döredilýär, ýokary hilli önümleriň eksport edilýän möçberi artýar, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek işjeňleşýär, hususy telekeçiligi goldamak güýçlenýär, iň gowy daşary ýurt tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Maýa goýum işjeňligi ykdysadyýetiň yzygiderli ösmeginiň zerur şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň badalga beren maksatnamalarynyň maksady Türkmenistany oba hojalyk ýurt bolanlygyndan senagat taýdan ösen döwlete öwürmekden, her biriniň öz aýratynlygy bolan welaýatlaryň sazlaşykly edara-hojalyk we durmuş-medeni ösüşlerini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Ýurtda bilimi özgerdip guramaga, bilim ulgamyny ösdürmäge hem örän uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan ýurdumyzda bilim ulgamyny özgerdip guramagyň takyk we esaslandyrylan maksatnamasyny öňe sürdi, onuň maksatlaryny, esasy ugurlaryny hem wezipelerini kesgitledi, ýurtda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly ençeme wezipeleriň durmuşa geçirilmegi babatda uly tagallalar etdi.
Häzir ýurdumyzda ykdysadyýeti köp ugurlar boýunça ösdürmek, oba hojalygynda giň özgertmeleri durmuşa geçirmek, halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlary çykarmak, maliýe ulgamyny berkitmek, oýlanyşykly maýa goýum syýasatyny ýöretmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Arkadag Prezidentimiz 17-nji fewralda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşynda geljekki ýyllarda ähli ösüşler babatda ata Watanymyzyň täze belent derejelere çykjakdygyny belledi.
Goý, ähli halkymyzyň uly ynamyna mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!