Özüniň, ka­ka­sy­nyň hem-de ata­sy­nyň ady-da Wla­di­mir Waýss. Üçüsem fut­bol­çy. Ha­wa, olar 3 ne­sil bo­ýun­ça kär hök­mün­de fut­bo­ly saý­lan, şol bir­wag­tda-da, bir­meň­zeş ba­şar­nyk gör­ke­zen we bu ba­bat­da-da baş­ga my­sal ge­ti­rip bol­ma­jak ýe­ke-täk maş­ga­la.

Ady Wla­di­mir Waýss. Ka­ka­sy­nyň ady-da, ata­sy­nyň ady-da Wla­di­mir Waýss. Özem, ka­ka­sam, ata­sam fut­bol­çy. Ha­wa, olar 3 ne­sil bo­ýun­ça kär hök­mün­de fut­bo­ly saý­lan, şol bir­wag­tyň özün­de-de, bir­meň­zeş ba­şar­nyk gör­ke­zen we bu ba­bat­da-da baş­ga my­sal ge­ti­rip bol­ma­jak ýe­ke-täk maş­ga­la.
Ata­ Waýss 1939-njy ýy­lyň 21-nji sent­ýab­ryn­da dün­ýä in­ýär. 1958–1969-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da Bra­tis­la­wa­nyň “In­ter” to­pa­ry­nyň köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. To­pa­ryň esa­sy go­rag­çy­sy bol­ýar. “Ba­nik Prie­wid­za” we “Trnaw­ka” to­par­la­ryn­da-da oý­na­ýar. Ol şol wagt­ky Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da 3 oýun ge­çir­ýär. Fut­bol­çy­ly­gy taş­la­nyn­dan soň, tä­lim­çi­lik bi­len güm­ra bo­lan Waýss “Trnaw­ka”, “Ra­pid Bra­tis­la­wa”, “Slo­wens­kiý Grob”, “Pe­zi­nok”, “Lim­bah” ýa­ly klub­lar­da iş­le­ýär. 1964-nji ýyl­da Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­nyň Olim­pi­ýa ýy­gyn­dy­sy To­kio Olim­pia­da­syn­da kü­müş me­da­la my­na­syp bol­ýar. Şol ýy­lyň 22-nji sent­ýab­ryn­da onuň og­ly Wla­di­mir dün­ýä in­ýär.
1976-njy ýyl­da 12 ýa­şyn­da “Ra­pid Bra­tis­la­wa” to­pa­ry­nyň ýaş­lar dü­zü­min­de fut­bo­la baş­lan ogul Wla­di­mir Waýss ka­ka­syn­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, go­rag­çy däl-de, ýa­rym­go­rag­çy bol­ýar. 1984-nji ýyl­da “Ag­ro Hur­ba­no­wo” to­pa­ryn­da pro­fes­sio­nal de­re­je­de oý­nap baş­la­ýar. 1986–1993-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ka­ka­sy­nyň-da çy­kyş eden klu­by “In­ter Bra­tis­la­wa­nyň” köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. On­dan so­ňam “Spar­ta Pra­ga”, “Pet­ra Drno­wi­se”, “Du­naýs­ka­ýa Stre­da”, “Ko­şi­se”, “Art­me­dia Pet­ra­žal­ka” ýa­ly klub­lar­da oý­na­ýar we 2000-nji ýyl­da pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­ny soň­lan­dyr­ýar. Ogul Wla­di­mir Waýs­syň ka­ka­syn­dan ýe­ne bir ta­pa­wu­dy ol hem 2 ýur­duň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň köý­nek­çe­si­ni geý­me­gi­dir. Ol ozal­ky Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­nyň dü­zü­min­de 19 ge­zek çy­kyş ed­ýär. Çe­hos­lo­wa­ki­ýa Çe­hi­ýa we Slo­wa­ki­ýa diý­lip, 2-ä bö­lü­ne­nin­den soň, ol ola­ryň ikin­ji­si­ni saý­la­ýar. Waýss Slo­wa­ki­ýa­nyň mil­li to­pa­ryn­da-da 12 du­şu­şyk ge­çir­ýär. 2006-njy ýy­la çen­li “Art­me­dia Pet­ra­žal­ka­da” il­ki-il­ki­ler kö­mek­çi tä­lim­çi, soň­ra-da baş tä­lim­çi bo­lup iş­le­ýär. 2006–2007 möw­sü­min­de Rus­si­ýa­nyň “Sa­turn” (Mosk­wa ob­las­ty) to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si bol­ýar. Waýss 2008-nji ýyl­da Slo­wa­ki­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­nil­ýär. Slo­wa­ki­ýa onuň tä­lim­çi­li­gin­de il­kin­ji ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­nda çy­kyş ed­ýär. 1990-njy ýyl­da Ita­li­ýa­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gyn­da Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­nyň dü­zü­min­de meý­dan­ça çy­kan Wla­di­mir Waýss bu ge­zek 20 ýyl­dan soň, fut­bo­lyň iň uly bäs­le­şi­gi­ne tä­lim­çi hök­mün­de gat­naş­ýar. 2010-njy ýyl­da Gü­nor­ta Af­ri­ka­da gu­ra­lan Dün­ýä Ku­bo­gyn­da Slo­wa­ki­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ita­li­ýa­dyr Pa­rag­wa­ýyň hem-de Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň mil­li to­par­la­ry bi­len bir to­par­ça düş­ýär. Olar soň­ky oý­nun­da güýç­li ital­ýan­lar­dan 3–2 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, 2-nji tap­gyr­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­ýar. To­par 2-nji tap­gyr­da-da Gol­lan­di­ýa­dan as­gyn ge­lip, öýü­ne do­lan­sa-da, il­kin­ji ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­naş­ýan to­par üçin bu gör­ke­zi­ji ta­ry­hy ba­şar­nyk diý­mek­di. Ogul Wla­di­mir Waýss 2011–12 möw­sü­min­de “Slo­wan Bra­tis­la­wa­da” iş­le­ýär. Şon­dan so­ňam Ga­za­gys­ta­nyň meş­hur “Kai­rat” to­pa­ry bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­ýar. Al­ma­ty­ly­la­ra ýur­duň ku­bo­gy­ny 2 ge­zek ga­zan­dy­ran tä­lim­çi 2015-nji ýyl­da çem­pio­na­ty 2-nji orun­da ta­mam­la­ýar. Ol şol ýy­lam we­zi­pe­si­ni taş­la­ýar. 2016-njy ýyl­da-da Gru­zi­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň baş tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­nil­ýär we häzirem bu ýerde işini dowam etdirýär.
Ag­tyk Wla­di­mir Waýss 1989-njy ýy­lyň 30-njy no­ýab­ryn­da dün­ýä in­ýär. Ol ata­sy ýa­ly go­rag­çy-da däl, ka­ka­sy ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy-da. 3-nji ar­ka Waýss hü­jüm­de, has ta­ky­gy, hü­jü­me 2 gap­dal­dan gol­daw ber­ýän oýun­çy­nyň ýe­rin­de oý­na­ýar. Olam maş­ga­la­nyň beý­le­ki fut­bol­çy ag­za­la­ry ýa­ly, “In­ter Bra­tis­la­wa” to­pa­ry­nyň tä­li­mi­ni al­ýar. To­pa­ryň ýaş­lar dü­zü­min­de oý­na­ýar. 2009-njy ýyl­da-da “Man­çes­ter Si­ti­niň” ha­ta­ry­na go­şul­ýar we pro­fes­sio­nal fut­bol­çy­ly­ga il­kin­ji ädi­mi­ni bu klub­da äd­ýär. Uly ynam bil­di­ri­len ýa­şa­jyk Waýss il­ki “Bol­ton­da”, soň­ra “Reýn­jers­de”, 2011/12 möw­sü­min­de-de “Es­pan­ýol­da” kä­ren­de­si­ne oý­na­ýar. “Man­çes­ter Si­ti­de” di­ňe 1 du­şu­şyk ge­çi­ren Waýss 2012-nji ýyl­da Ita­li­ýa­nyň “Pes­ka­ra” to­pa­ry­na trans­fer bol­ýar. Bir möw­süm­den soň, Gre­si­ýa­nyň “Olim­pia­ko­sy­na” we bu ýer­de-de 1 ýyl oý­nap, 2014-nji ýyl­da Ka­ta­ryň “Leh­wi­ýa” to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ne go­şul­ýar. Ge­çen to­mus­da-da Ka­ta­ryň baş­ga bir klu­by “Al-Ga­ra­fa” bi­len şert­na­ma bag­laş­ýar. Şot­lan­di­ýa­da, Gre­si­ýa­da hem-de Ka­tar­da çem­pi­on­lyk­lar ga­za­nan Waýss 2009-njy ýyl­dan bä­ri-de Slo­wa­ki­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da je­mi 58 du­şu­şyk ge­çir­di we 5 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.

MALDINILERIŇ MAŞGALASY-DA…
Edil Waýss­lar ýa­ly Mal­di­ni­le­r hem 3 ne­s­li fut­bol oý­nan maş­ga­la. Ata Çe­za­re Mal­di­ni­niň og­ly Pao­lo dün­ýä bel­li ýyl­dyz bo­lup ýe­tiş­ýär. Pao­lo kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça di­ňe “Mi­la­nyň” dü­zü­min­de çy­kyş edip, on­lar­ça ku­bo­gy as­ma­na gö­ter­ýär. Onuň ka­ka­sy-da özü­niň zäh­met ýo­lun­da – fut­bol­çy­lyk­da-da, tä­lim­çi­lik­de-de az ýe­ňiş ga­zan­ma­ýar. Mal­di­ni­le­riň maş­ga­la­syn­dan 3-nji fut­bol­çy­dan hem ta­ma uly bol­ýar. Ýö­ne Çe­za­re­niň ag­ty­gy, Pao­lo­nyň og­ly, 1996-njy ýyl­da dog­lan Kris­ti­an ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, yna­my ödär­den daş­rak­da. En­tek 9 ýa­şyn­da “Mi­lan” bi­len şert­na­ma bag­la­şan Kris­tia­na hä­zir­lik­çe ata­sy­nyň we ka­ka­sy­nyň ýa­şyl meý­dan­ça­lar­da ga­za­nan mer­te­be­si­ne ýet­mek ba­şar­da­nok. Ol şu gün­ler­de Mal­ta­nyň “Ham­run Spar­tans” to­pa­ryn­da kä­ren­de­si­ne çy­kyş ed­ýär.
Umu­man al­nan­da, ata­ly-ogul, ýag­ny 2 ne­sil fut­bol oý­nan we ba­şar­nyk ga­za­nan fut­bol­çy­la­ryň sa­ny az däl. Ýö­ne ata­sy, ka­ka­sy we ag­ty­gy fut­bol oý­nap, to­par­la­ry­na ýe­ňiş­ler ga­zan­dy­ran maş­ga­la we­lin, hä­zir­lik­çe 2 sa­ny. Ola­ryň 1-nji­si or­ta­tap ba­şar­nyk gör­ke­zen bol­sa, 2-nji­sin­de ag­tyk ata­sy we kaka­syn­dan ju­da pes de­re­je­de kar­ýe­ra­sy­ny do­wam et­dir­ýär. Şol nuk­daý­na­zar­dan Wla­di­mir Waýss­lar bu ugur­da my­sal be­rip bol­jak ýe­ke-täk maş­ga­la diý­sek, öte geç­di­gi­miz bol­maz. Häzirki wagtda ataly-ogul futbol oýnaýanlaryň sanyndan çen tutsak, bel­ki-de mun­dan soň, 3 ne­s­li fut­bol oý­nan maş­ga­la­la­ryň sa­ny kö­pe­ler.