Uzak wagtdan bäri özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýän ulaglaryň biri bolan welosipediň oýlanyp tapylanyna näçe wagt geçen hem bolsa, onuň gurluşy beýleki ulaglara garanyňda, o diýen köp üýtgemändir. “Tiz aýak” diýmegi aňladýan bu söz beýleki dillere fransuzçadaky “velocipede” sözünden geçipdir. Şeýle hem “bicyclette” sözi hem “iki tigir” diýmegi aňladyp, ol söz hem fransuz dilinden beýleki dilleriň köpüsine geçipdir. XIX asyrda oýlanyp tapylan bu ulag serişdesiniň bir, iki we üç tigirli görnüşleri bilen bir hatarda, elektrik energiýasy bilen hereket edýän görnüşleri hem bar. Ol gatnaw hem-de sport we saglyk maksatlary, şeýle-de güýmenje üçin hem peýdalanylýar. Welosipedleriň şäherde münmek üçin, daga çykmak üçin we beýleki görnüşleri hem bar.
Eýsem, şeýle ulagy öndürmek kimiň kellesine geldikä?! Bu ulag bir gezekde edil häzirkisi ýaly edilip ýasalmandyr. Ýagny ony oýlap tapmak we kämilleşdirmek birden köp adamyň paýyna düşüpdir. Muňa garamazdan, germaniýaly Baron Karl fon Drezi ony oýlap tapan diýip hasaplasa bolar. Drez 1817-nji ýylda öz oýlap tapan “iki tigirlisi” bilen 14 kilometr ýol geçdi. 1818-nji ýylda Parižde sergä çykardy. Drez oňa “Laufmaschine” (ylgaw maşyny) adyny berdi. Onuň islän ugruňa gönükdirmek üçin abzaly bardy. Emma pedaly ýokdy. Ony herekete getirmek üçin üstüne oturyp, iki aýagyň bilen itmeli bolýardy. Wagtyň geçmegi bilen bu ulagyň adyna “draisienne” hem-de “velosipede” diýlip başlandy. Kral fon Drez ony 1818-nji ýylda açyş hökmünde resmi taýdan tassykladypdyr. Şol döwürler gysga wagtyň dowamynda Awstriýa, Angliýa, Italiýa we ABŞ ýaly ýurtlarda şeýle ulaglar peýda boldy.
Londonda ýaşaýan Denis Jonson nemes oýlap tapyjysynyň ylgaw maşynyny has hem kämilleşdiripdir. Ol öz täze ulagyndan 300 sanysyny öndürip, “pyýada at arabasy” ady bilen satuwa çykarypdyr. Birnäçe ýyl soňra üç tigirli welosipedler peýda bolupdyr.
Wagtyň geçmegi bilen, kämilleşdirilen welosipedleriň köpçülikleýin önümçiligini ilkinji bolup, “Michaux Company” şereketi ýola goýupdyr. Kompaniýa her ýylda bir ýüz kyrk welosiped öndüripdir.
Häzirkilere meňzeş zynjyrly welosiped ilkinji gezek 1874-nji ýylda oýlanyp tapylypdyr. 1888-nji ýylda Irlandiýada içi howaly tigirli welosipedler çykarylypdyr. XIX asyryň ahyrynda welosiped üçin peýdalanylan materiallaryň bahasynyň pese gaçmagy bilen onuň önümçiligi artyp, halk köpçüligi tarapyndan giňden ulanylyp başlanypdyr.