Kataryň demirgazygyndaky El-Hor şäherinde pandalar üçin seýilgäh döretmek meýilleşdirilýär. Pars aýlagynyň kenarýakasyna bu jandarlary Hytaýdan getirerler. Häzirlikçe, seýilgähi ýylyň ikinji ýarymynda açmak meýilleşdirilýär. Pandalar zerur howa şertleri bilen üpjün ediler.