Ýakynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilen “Gyzyl kürte” atly çeper film mawy ekran arkaly halk köpçüligine görkezildi. Öwezmyrat Berdimyradow bilen Atamyrat Şagulyýewiň edebi eserleri esasynda surata düşürilen bu filmiň wakasy Beýik Watançylyk urşy ýyllaryny öz içine alýar.

Ýerbent obasynyň ýaşaýjysy Meretlä Tejen ilinden guda bolunýar. Toý sähedi bellenilýär. Sähetli günem ýetip gelýär. Meretli toý harajatlaryny alyp gelmek üçin paýtagta ýola rowana bolýar. Emma paýtagtda Meretli uruş turanlygy baradaky ajy habary eşidip, dessine harby wekillige barýar we meýletin arza ýazyp, urşuň gidýän ýerine ugratmaklaryny haýyş edýär. Meretliniň haýyşy kanagatlandyrylyp, ol söweşe ugradylýar. Ugramazdan öň Meretli el ýaly kagyzyň ýüzüne “Men jeňe gitmeli boldum, sag-aman dolanyp gelerin, ýöne sen gelýänçäm başyňa atan kürtäňi aýyrma” diýen ýazgyny obasyna ugradýar.

Şeýdip toý tutulyp Tejenden Göwher gyzy kejebä mündürip, kerwen bilen gelnalyjylap alyp gelýärler. Toý tutulýar, emma Meretli gaýdyp gelmeýär. Göwher gyza mejbury ýagdaýda Meretliniň eý görýän telpegi bilen nika gyýmaly bolunýar. Şeýdip Göwher gyz başy gyzyl kürteli gelin bolup galyberýär. Ol Meretlä wepalylyk hökmünde kürtesini diňe agşam ýatanynda başyndan aýyrýar. Ilkinji günlerden başlap Göwher gelin guýa suw almaga gitse-de, köşek sürmäge gitse-de, düýe saganda-da başyndan kürtesini aýyrmaýar. Ol indi uzakdan gelýän çagany hüwdeleýän sese-de imrinip, ýaňyja dünýä inen köşejigi sypalap, guzujyklardyr, owlajyklary gujagyna alyp, ýüregine tesselli berýärdi.

Ol ýüwürjisi Öwekgeden Meretliniň häsiýetiniň nähilidigini, näme bilen meşgul bolmagy gowy görýändigini, nähili tagamy halaýandygyny soraýar. Öwekge bolsa, Meretliniň unaşy oňat görýändigini aýdanynda Göwher gelin şol gün unaş bişirip Meretliniň paýyny hem goýup oňa garaşýar. Indi Göwheriň ýüregine bir tesselli berýän zat Meretliniň kümüşguýruk gyratydy. Emma şol günleriň birinde uruş üçin gerek diýip, kümüşguýrugy hem uzyn nowaly gara ulaga ýükläp alyp gidýärler.

Kümüşguýruk Meretliniň eý görýän bedewidi. Şol gije Göwher gelin: “Meretli indi öz kümüşguýruk bedewine münüp jeňden dolanyp geler” diýip umyt kölüne batýar. Urşuň bolsa 3 ýyly geçipdi. Ýöne Göwher gelin henizem başyndan gyzyl kürtesini aýyrmandy. Filmde halkymyzyň milli däp-dessurlary, gelin-gyzlaryň üme aýdyşlary, çaganyň sallançakda hüwdülenişi, türkmen gelin-gyzlarymyzyň boýuny bezeýän keteniniň tarada dokalyşy, keçäniň edilişi, gamyş dokalyşy, ik bilen ýüp egrilişi, başga-da halkymyza mahsus bolan milli taryhy edim-gylymlaryň, däp-dessurlaryň öz beýanyny tapmagy tomaşaçyny buýsandyrman bilmeýär.

Filmi dörediji topar Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Sünçe, Nohur obalarynda, Gökdepe etrabynyň Ýerbent, Bokurdak, Mämmetýar obalarynda, Aşgabat şäherinde, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde surata düşüriş işlerini amala aşyrdylar.

Filmde peýdalanylan bedewler Sünçe atçylyk toplumyndan, Kejebeli düýeler Bäherden etrabynyň Kirpili maldarçylyk hojalygyndan, harby ulaglar bolsa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň goldaw bermeginde peýdalanyldy.

Umuman, “Gyzyl kürte” filminiň häzirki ýaş nesillerimiz üçin terbiýeçilik ähmiýetiniň örän güýçli boljakdygy guwandyryjy wakadyr.

Filmde Watana, birek-birege, söwer ýaryňa wepaly bolmak, maşgalaňa bolan söýgi, agzybirlik, dost-doganlyk ýaly oňat gylyk-häsiýetler çeper beýan edilipdir.

Filmde baş keşbi – Göwher gelni Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Aýna Jumaýewa, ýaş Öwekgäň keşbini Ibraýim Baýramow, Garry Öwekgäň keşbini Emirguly Işangulyýew, hat gatnadyjy Annaň keşbini artist Öwezgylyç Şarlyýew, goýun süren aganyň keşbini artist Ylýas Gurbanow, Göwher gelniň gaýyn enesi Gülsün ejäniň keşbini Ogulnäzik Akmyradowa we beýlekiler janlandyrýarlar. Muzeýdäki alyp baryjy gelniň keşbini bolsa Döwlet muzeýiniň işgäri Amangül Gurbanowa ýerine ýetirýär.

Filmi surata düşüren goýujy kinorežissýor Sahysalyh Baýramow, kinorežissýor Öwezgylyç Şarlyýew, goýujy kinooperator Maksat Hojabaýew, egin-eşik suratkeşi Arslan Hojambaýew, filmi gurnaýjy Lýubow Konkina, şeýle-de filmi saz bilen bezeýjisi filmiň şowly çykmagy üçin ukyp-başarnyklaryny siňdiripdirler. Bize bolsa “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda türkmen kinoçylarymyza geljekde döredijilik üstünliklerini arzuw edäýmek galýar.

 Akmyrat Hojaberdiýew,

kino sungatyny öwreniji.