Dün­ýä­niň teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň köp san­ly­sy­ny özün­de jem­le­ýän Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň yk­jam ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da­ky öň­de­ba­ry­jy­la­ry kes­git­le­nil­di. Bu ugur­da­ky “Hua­wei” ýa-da “Xiao­mi” ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar­dan hem öňe saý­lan­ma­gy ba­şa­ran “Op­po”-nyň söw­da­sy bir ýy­lyň do­wa­myn­da 122 gö­te­rim art­dy.
“Op­po” kom­pan­iýa­sy ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da 78,4 mil­li­on te­le­fon sa­tu­wy­ny ama­la aşyr­dy. Bu ugur­da ikin­ji orun “Hua­wei” şe­re­ke­ti­ne de­giş­li­dir. Oňa dahylly yk­jam te­le­fon­la­ryň 76,6 mil­lio­ny müş­de­ri­le­riň göwnünden turdy. Yk­jam te­le­fon­la­ryň söw­da­syn­da dün­ýä­de üçün­ji orun­da dur­ýan “Hua­wei”-iň Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­da­ky söw­da­sy ba­ry-ýo­gy 21,8 gö­te­rim art­dy. Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­da üçün­ji orun “Vivo” kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li­dir. Bu kom­pa­ni­ýa 69,2 mil­li­on te­le­fon sat­dy. Bu gör­ke­zi­ji 2015-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 96,9 gö­te­rim köp­dür. Mä­lim bol­şy ýa­ly, “Op­po” we “Vivo” kom­pa­ni­ýa­la­ry “BBK Electro­nics” to­pa­ry­na de­giş­li­dir. Olar bi­le­lik­de Hy­ta­ýyň ba­za­ry­nyň 30 gö­te­ri­mi­ni tut­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­da da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň te­le­fon­la­ry­na-da is­leg bar­ha art­ýar. 2016-njy ýyl­da “App­le”-iň “iP­ho­ne” ky­sym­ly te­le­fon­la­ry­nyň 44,9 mil­lio­ny sa­tyl­dy. Şeý­le-de “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy hem Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­da bi­rin­ji bäş­li­ge gir­me­gi ba­şar­dy.