Russiýanyň “Tehnopromeksport” kompaniýasy Eýranyň kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip, bu ýurtda bug bilen işleýän elektrik bekedini gurmagy meýilleşdirýär. Onuň kuwwaty 1400 MWt-a deň bolup, Hormozgon şäherinde gurlar. Russiýanyň şereketi 5 ýylyň dowamynda bu bekedi bina edip, onuň gurluşygyny maliýeleşdirer. Bu barada “Mohsen” kompaniýasynyň baş müdiri Tarz Talab habar berdi.
Elektrik bekedi 4 blokdan ybarat bolup, onuň her birinde 350 MWt kuwwatynda generatorlar oturdylar. Taslamanyň ähli gurluşyk we gurnama işlerini rus kompaniýasy amala aşyrar.