Hy­ta­ýyň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy (CNPC) Abu-Da­bi­niň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni ga­zyp al­mak ba­bat­da­ky paý­na­ma­sy­nyň 8 gö­te­ri­mi­ni 1,77 mil­liard dol­la­ra sa­tyn al­dy. Hy­ta­ýyň döw­let kom­pa­ni­ýa­sy Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň şe­re­ke­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýän Azi­ýa­nyň 3-nji iri kom­pa­ni­ýa­sy bol­dy. Mun­dan ozal, Ýa­po­ni­ýa­nyň hem-de Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýup­dy. Şeý­le hem bu ba­zar­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň BP hem-de Fran­si­ýa­nyň “To­tal” şe­re­ket­le­ri hem bar.
– Bu örän oňat hyz­mat­daş­lyk bo­lar. Bi­ze önüm­çi­lik dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer – di­ýip, Abu-Da­bi­niň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji mü­di­ri Ah­med Al Ja­ber gür­rüň ber­ýär. CNPC kom­pa­ni­ýa­sy Azi­ýa­nyň iri ne­bit we te­bi­gy gaz çy­kar­ýan kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Hy­ta­ýyň ne­bit önüm­çi­li­gi­niň ýa­ry­n­dan köp­rä­gi hem-de te­bi­gy gaz önüm­çi­li­gi­niň 71 gö­te­ri­mi bu kom­pa­ni­ýa­nyň pa­ýy­na düş­ýär.
Şeý­le hem Hy­ta­ýyň baş­ga bir kom­pa­ni­ýa­sy 3,3 mil­liard dir­hem (898 mil­li­on dol­lar) tö­läp, Abu-Da­bi­niň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gu­ry ýer­dä­ki göz­leg iş­le­ri ba­ra­da­ky paý­na­ma­sy­nyň 3 gö­te­ri­mi­ni sa­tyn al­dy. “CEFC Chi­na Ener­gy” kom­pa­ni­ýa­sy hem BAE-niň ne­bit ba­za­ry­na gi­riş­di.
Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka agent­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýa­kyn ýyl­lar­da Azi­ýa se­bi­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de ok­gun­ly ösüş dep­gi­nine ga­ra­şyl­ýar we ol hem ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­le­gi bar­ha ýo­kar­lan­dy­rar. Abu-Da­bi Pars aý­la­gyn­da ne­bit önüm­çi­li­gin­de öň­de­li­gi eýe­le­ýär we Azi­ýa­nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny ener­ge­ti­ka pu­da­gy­na ma­ýa goý­ma­ga ça­gyr­ýar.