Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy 2017-nji ýyl­da ýur­duň çä­gin­dä­ki po­lat ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy üçin 800 mil­liard ýua­na (117 mil­liard dol­lar) ba­ra­bar se­riş­de gö­nük­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. 2016-njy ýyl­da-da bu ugur üçin deň möç­ber­de se­riş­de gö­nük­di­ri­lip­di.
2017-nji ýyl­da 35 de­mir­ ýol pu­da­gy­na de­giş­li tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. 2,1 müň ki­lo­met­re çen­li uzap gid­ýän bir ta­rap­ly, 2,5 müň ki­lo­met­re uza­ýan 2 ta­rap­ly hem-de 4 müň ki­lo­metr uzyn­lyk­da elekt­rik ge­çi­ri­ji­ler çe­ki­ler.
Mun­dan ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 2016 – 2020-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Hy­ta­ýyň hö­kü­me­ti ulag ul­ga­my­nyň äh­li ugur­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak üçin 500 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum öz­leş­dir­me­gi mak­sat edi­nip­di.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­duň ýo­ka­ry tiz­lik­li po­lat ýol­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 22 müň ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy ýo­ka­ry tiz­lik­li de­mir ýol­la­ry­nyň uzyn­ly­gy­ny 2020-nji ýy­la çen­li 30 müň, 2025-nji ýy­la çen­li bol­sa, 38 müň ki­lo­met­re ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
2025-nji ýy­la çen­li Hy­ta­ýyň äh­li po­lat ýol­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 175 müň ki­lo­met­re ýe­ti­ri­ler. Ola­ryň ha­ta­ryn­da ýo­ka­ry tiz­lik­li po­lat ýol­la­ry hem bar.