34 kom­pa­ni­ýa Mek­si­ka­da “aras­sa ener­ge­ti­ka” pu­da­gy­ny ös­dür­mek üçin 6,6 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum öz­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň bol­sa, 2019-njy ýy­la çen­li ama­la aşy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ba­ra­da La­tyn Ame­ri­ka ýur­du­nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Ped­ro Hoa­kin Kol­duell ha­bar ber­di.
– Ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri “ýa­şyl” ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi üçin 52 sany tä­ze be­ke­diň gur­lu­şy­gy­na gö­nük­di­ri­ler – di­ýip, mi­nistr Ped­ro Kol­duell elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­myn­da­ky yla­la­şyk­la­ryň söw­da sa­tu­wy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­ne baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çy­ky­şyn­da bel­läp geç­di.
Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, soň­ky 18 ýy­lyň do­wa­myn­da Mek­si­ka­da Gün­den we ýel­den alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň möç­be­ri 170 gö­te­rim art­dy. Şeý­le hem ol ýa­kyn wagt­da ener­gi­ýa ba­za­ryn­da kuw­wat­ly­ly­gy 5 müň me­ga­watt bo­lan tä­ze ener­ge­ti­ka be­ke­di­niň işe gi­ri­zil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.