Hy­ta­ýyň Söw­da-se­na­gat ban­ky (ICBC) dün­ýä­niň bank ul­ga­myn­da­ky iň gym­mat bren­di ha­sap edil­di. Ol bu ugur­da ABŞ-nyň “Wells Far­go” ban­kyn­dan oz­dur­dy. Bu ba­ra­da “South Chi­na Mor­ning Post” ne­şi­ri­niň “Brand Fi­nance” eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len sel­jer­me­si esa­syn­da taý­ýar­la­nan ma­ka­la­syn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Hy­ta­ýyň ban­ky­nyň bren­di 47,8 mil­liard dol­lar, “Wells Far­go”-nyň­ky bol­sa, 41,6 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da Hy­ta­ýyň bank ul­ga­my bar­ha ös­ýär. Ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da Hy­ta­ýyň gur­lu­şyk ban­ky (CCB) hem-de Hy­ta­ýyň ban­ky (BOC) de­giş­li­lik­de 17 gö­te­rim we 13 gö­te­rim ösüş ga­zan­dy.
Iň gym­mat bank­la­ryň bren­di­niň sa­na­wy­na Ame­ri­ka­nyň “Cha­se”, Hy­ta­ýyň ban­ky (Bank of Chi­na), Ame­ri­ka­nyň ban­ky (Bank of Ame­rica), Hy­ta­ýyň oba ho­ja­lyk ban­ky, “Citi”, Ang­li­ýa­nyň HSBC we Is­pa­ni­ýa­nyň “San­tan­der” ýa­ly ma­li­ýe eda­ra­la­ry hem go­şul­dy.