Dünýäde kompýuter enjamlaryny öndürmekde öňdäki orunlary eýelän “Intel” kompaniýasy 7 milliard dollardan gowrak maýa goýum serişdelerini özleşdirip, 10 müň orunlyk täze iş orunlaryny döretmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýa Arizona ştatynda täze zawod gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen “Intel” kompaniýasynyň baş müdiri Braýan Kržaniçiň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.
“Fab 42” zawodynyň gurluşygyny tamamlap, 3-4 ýylyň dowamynda ýokary aýlykly 3 müňe golaý iş orunlarynyň döredilmegi maksat edinilýär. “Intel” kompaniýasy täze maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde dünýädäki ornuny has-da berkitmegi meýilleşdirýär.
ABŞ-da täze iş orunlarynyň döredilmegi Prezident Trampyň saýlawdan öňki maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolupdy.
“Intel Corp.” kompaniýasy 1968-nji ýylda döredildi. Ol elektronik enjamlaryň köp görnüşini öndürmäge mümkinçiligi bolan iri kompaniýalaryň biridir.