Indoneziýanyň Awtoulag senagaty bileleşiginiň maglumatyna görä, 2016-njy ýylda ýurtda 1,06 million awtoulag satyldy. Bu görkeziji 2015-nji ýyla garanyňda, 5 göterim köpdür. Şeýlelikde, Indoneziýa bassyr 3 ýyldan bäri ASEAN awtoulag bazarynyň öňdebaryjysydyr.
Guramanyň statistika maglumatlaryna görä, geçen ýylyň dowamynda gurama agza döwletlerde 3,16 million ulag satylyp, bu ugurda 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 3 göterim ösüş gazanyldy. Sebitde awtoulag bazary boýunça ikinji hem-de üçünji orunlary Tailand we Malaýziýa eýeledi. Bu ýurtlarda degişlilikde 800 müň we 667 müň täze awtoulaglaryň satuwy amala aşyryldy.