Çem­pio­na­tyň ýyl­dy­zy-da Hy­taý­da
Ga­bon­da ge­çi­ri­len 31-nji Af­ri­ka Mil­let­ler Ku­bo­gy­nyň ýyl­dy­zy, ka­me­run­ly hü­jüm­çi Kris­ti­an Bas­so­go­gy Hy­ta­ýyň “He­nan Ži­an­ýe” klu­by trans­fer et­di. 21 ýaş­ly hü­jüm­çi tä­ze klu­by bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma gol çe­kiş­di. Hy­taý­ly­lar Bas­so­go­gyň ozal­ky klu­by “Aal­bor­ga” (Da­ni­ýa) trans­fer üçin 6 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de pul be­rer. Bas­so­gog ge­çen möw­süm­de “Aal­bor­gyň” dü­zü­min­de 21 oýun­da 4 gol ge­çi­rip­di. 31-nji Af­ri­ka Mil­let­ler Ku­bo­gyn­da çem­pio­na­tyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy saý­la­nan Bas­so­gog Ka­me­ru­nyň ýy­gyn­dy­syn­da-da 9 oýun­da 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.

Ýu­ri­çiň or­nu­na Man­dor­li­ni
“Se­rie A-da” tä­lim­çi ça­l­şygy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. Soň­ky tap­gyr­da aşa­ky orun­lar­da­ky “Pes­ka­ra­dan 5–0 ha­sa­byn­da utu­lan “Je­noa­da” tä­lim­çi Iwan Ýu­riç we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy. Onuň or­nu­na 56 ýa­şyn­da­ky ita­li­ýa­ly And­rea Man­dor­li­ni we­zi­pä bel­len­di. Man­dor­li­ni kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça ýur­du­nyň “Ata­lan­ta”, “Bo­lon­ýa”, “Sie­na”, “Sas­suo­lo”, “We­ro­na” hem-de Ru­my­ni­ýa­nyň “Kluž” klub­la­ryn­da iş­läp­di. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, “Pes­ka­ra” to­pa­ry-da Mas­si­mo Od­do­nyň de­re­gi­ne tej­ri­be­li Zde­nek Ze­man tä­lim­çi­li­ge bel­le­nip­di. 69 ýa­şyn­da­ky çehiýaly tä­lim­çi 2011/12 möw­sü­min­de-de “Pes­ka­ra­da” iş­läp­di.

“Lil­liň” täze tälimçisi
Fran­si­ýa­nyň “Lill” to­pa­ry­na gel­jek möw­süm­den başlap, ar­gen­ti­na­ly hü­när­men Mar­se­lo Bi­el­sa tä­lim be­rer. 61 ýa­şyn­da­ky meş­hur tä­lim­çi 1-nji iýul­da to­pa­ryň tä­lim­çi­si bo­lar (2 ýyllyk şertnama baglaşdy). 2010/11 möw­sü­min­de ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan “Lill” hä­zir­ki wagt­da aşa­ky orun­lar­da bolup, ol ýo­ka­ry li­ga­da gal­mak üçin dyr­jaş­ýar. Tä­lim­çi­lik ýo­lun­da “Ne­well’s Old Boýs”, “At­las”, “We­les Sars­fild”, “Es­pan­ýol”, “At­le­tik Bil­bao”, “Mar­sel” ýa­ly klub­lar­da iş­län Bi­el­sa Ar­gen­ti­na­dyr Çi­li­niň ýy­gyn­dy­la­ry­na-da tä­lim ber­di. Ol ge­çen ýy­lyň iýu­lyn­da “La­sio” bi­len şert­na­ma bag­la­şyp­dy, ýö­ne 2 gün­den soň, we­zi­pe­si­ni taş­lap­dy.

Ýy­lyň ze­nan fut­bol­çy­sy
“Man­çes­ter Si­ti­de”
FI­FA ta­ra­pyn­dan ýy­lyň ze­nan fut­bol­çy­sy saý­la­nan ame­ri­ka­ly Kar­li Lloýd Ang­li­ýa­nyň “Man­çes­ter Si­ti” ze­nan to­pa­ry­na trans­fer bol­dy. 34 ýaş­ly fut­bol­çy iň­lis klu­by bilen 3,5 aý­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Ol tä­ze to­pa­ry­nyň çem­pio­nat­da­ky, ku­bok ýa­ry­şyn­da­ky we UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­daky du­şu­şyk­la­ryn­da çy­kyş eder. Kar­li Lloýd ge­çen möw­süm­de ýeň­liş­siz çem­pi­on bo­lan “Man­çes­ter Si­ti­de” 1-nji iýu­na çen­li oý­nar. Ol soň­ra ABŞ-nyň “Hýus­ton Deş” klu­bu­na do­la­nar.

5-nji li­ga­nyň we­ki­li çär­ýek fi­nal­da
Ang­li­ýa­nyň FA ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da 5-nji tap­gy­ryň, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, 1/8 fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Şon­da kä­bir ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­ler ha­sa­ba alyn­dy. “Pre­mi­er li­ga­nyň” we­ki­li “Bern­li” öz meý­dan­ça­syn­da 5-nji li­ga­nyň (“Na­tio­nal Lea­gue”) to­pa­ry “Lin­koln Si­ti­den” 1–0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Şu möw­süm­de “Pre­mi­er li­ga­da” öz meý­dan­ça­syn­da aň­sat-aň­sat ýe­ňil­me­ýän “Bern­li­niň” to­run­dan ýe­ňiş pök­gü­si­ni 89-njy mi­nut­da Rag­get der­we­zä gi­riz­di. Li­ga­da şow­suz gün­le­ri baş­dan ge­çir­ýän “Pre­mi­er li­ga­nyň” soň­ky çem­pio­ny “Les­ter Si­ti” myh­man­çy­lyk­da 3-nji li­ga­nyň (“Lea­gue One”) we­ki­li “Mil­woll­dan” 1–0 (Kam­mings 90) ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. “Man­çes­ter Si­ti” hem myh­man­çy­lyk­da 2-nji li­ga­nyň klu­by “Had­ders­fild Tau­ny” ýe­ňip bil­me­di (0–0). Du­şu­şyk 1-nji mart­da gaý­ta­dan oý­na­lar. (Mançester şäherinde) “Çel­si” “Wol­wer­hamp­to­ny” 2–0, “M. Ýu­naý­ted” “Bläk­ber­ni” 2–1, “Ar­se­nal” “Sat­ton Ýu­naý­te­di” 2–0, “Tot­ten­ham” Här­ri Keý­niň het-tri­gi bi­len “Ful­ha­my” 3–0, “Middlsb­ro” “Oks­ford Ýu­naý­te­di” 3–2, ha­sa­byn­da ýe­ňip, çär­ýek fi­na­la çy­kan beý­le­ki klub­lar bol­dy. 11–12–13-nji mart­da ge­çi­ril­jek çär­ýek fi­nal­da-da “Ar­se­nal”–“Lin­koln”, “Middlsb­ro”–“Had­ders­fild”/“M. Si­ti”, “Tot­ten­ham”–“Mil­woll”, “Çel­si”–“M. Ýu­naý­ted” du­şu­şyk­la­ry oý­na­lar.