Bas­ket­bol bo­ýun­ça 66-njy “NBA All-Star” şü­we­le­ňin­de re­kord ba­ry go­ýul­dy. Lui­zia­na şta­ty­nyň Nýu Or­leans şä­he­rin­dä­ki Smu­ti King Sentr Are­na­da oý­na­lan şou du­şu­şy­gyn­da Gün­ba­tar we Gün­do­gar zo­lak­la­ryň ýyl­dyz­la­ry öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. Du­şu­şy­ga gün­do­gar­ly­lar er­jel baş­lap, olar 1-nji çär­ýek­de 53–48 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­dy. Ýö­ne soň­lu­gy bi­len gün­ba­tar­ly­lar 97–92 ha­sa­byn­da 1-nji ýa­rym­da üs­tün­li­ge eýe bol­dy. Oýun­çy bu 1-nji çär­ýek­de biri-bi­rin­den owa­dan he­re­ket­ler bi­len to­py hal­ka ba­syp sa­lyp, to­ma­şa­çy­lar­dan köp al­kyş al­dy­lar. 3-nji çär­ýek­de bas­ket­bo­lyň ýyl­dyz­la­ry 3 utuk­lyk-da öza­ra bäs­leş­di di­ýen ýa­ly. Bu çär­ýek­de to­par­la­ryň her­si 47 utuk ga­zan­dy (144–139). 4-nji çär­ýek­de-de gün­ba­tar­ly­lar üs­tün­li­gi­ni sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Ne­ti­je­de, du­şu­şyk 192–182 ha­sa­byn­da Gün­ba­tar zo­la­gy­nyň ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. Olar 66 ýyl­lyk “NBA All-Star” şü­we­le­ňin­de 29-njy ýo­la ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu gör­ke­zi­ji gün­do­gar­ly­lar­da 37-ä deň­dir. Gün­ba­tar zo­la­gy soň­ky 7 “All-Star­da” 6-njy ge­zek üs­tün­li­ge eýe bol­dy.

UMU­MY­LYK­DA 374 UTUK
66-njy “NBA All-Star” oý­nun­da to­par­lar 3 re­kor­dy tä­ze­le­di­ler. 1-nji çär­ýek­de 2 to­pa­ryň umu­my­lyk­da ga­za­nan 101 utu­gy (çär­ýek­de iň köp utuk), 1-nji ýa­rym­da­ky 189 utu­gy (ýa­rym­da iň köp utuk) hem-de oý­nuň ne­ti­je­sin­de ga­za­ny­lan 374 utuk (umu­my­lyk­da iň köp utuk) “NBA All-Sta­ryň” tä­ze re­kord­la­ry diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le-de du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da oýun­çy­lar 280 ge­zek to­py hal­ka ta­rap gö­nük­dir­di­ler. Şo­la­ryň 57,9 gö­te­ri­mi, ýag­ny 162-si ta­kyk bo­lup, bu gör­ke­zi­ji­le­riň 2-si hem iň ýo­ka­ry ne­ti­je diý­lip hasaba alyndy.
Öz du­şu­şyk­la­ry­ny şu sta­di­on­da ge­çir­ýän “Nýu Or­leans Pe­li­kans” to­pa­rynyň ýyl­dy­zy An­to­ni De­wis oýun­da 52 utuk ge­çir­me­gi ba­şar­dy. Ol bir “All-Star” du­şu­şy­gyn­da iň köp utuk ge­çi­ren oýun­çy bol­dy. On­dan öň­ki re­kord 1962-nji ýyl­da­ky 12-nji “All-Star­da” 42 utuk ge­çi­ren NBA-nyň ro­wa­ýa­ty ýyl­dyz­la­ryn­dan Wilt Çem­ber­leý­ne de­giş­li­di. Ga­ly­ber­se-de, An­to­ni De­wis 66-njy “NBA All-Sta­ryň” iň gym­mat­ly oýun­çy­sy (MVP) diý­lip saý­lan­dy.