Goňşy ýurdumyz Eýran Yslam Respublikasynyň däbe öwrülen ýöriteleşdirilen sergisiniň nobatdakysy geçirildi. Şu ýylyň fewral aýynyň 27-si hem-de mart aýynyň 2-si aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň we amaly-haşam sungatyna degişli önümleriniň XIII ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi. Ýeňil we agyr senagat, nebit-gaz we himiýa senagaty, energetika, gurluşyk we azyk önümleri ýaly ugurlar boýunça hereket edýän 40-a golaý eýran kompaniýalary öz önümlerini görkezdi.
Serginiň bir bölegi Eýranyň medeniýetini açyp görkezýän senetkärçilige, amaly-haşam sungatyna, keramikadan ýasalan önümlerine, çeperçilikli ýasalan aýna önümlerine, zikgelemä, agaç gazma nagşyna bagyşlandy.
Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistandaky ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mart aýynyň 1-ine serginiň çäginde ikitaraplaýyn işewürler maslahaty geçirilip, onda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga hem-de ýakyn geljekde alnyp baryljak bilelikdäki taslamalara, degişli meselelere garalyp geçildi.