Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda dünýäniň abraýly guramasy hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna saýlandy. Aradan geçen çärýek asyryň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň gazanylmagynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze many-maznuna eýe boldy.
Türkmenistanyň BMG-ä doly hukukly agzalyga kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, dabaraly mejlis geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçirilen mejlise ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, talyplar, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Dabaraly mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okaldy. Onda Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, öz üstüne alan jogapkärçilikli halkara borçnamalary gyşarnyksyz ýerine ýetirýär.