Türkmenistanyň hokkeý ýygyndy topary Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VII Gyşky Aziýa oýunlarynda 2-nji diwiziýada çempion boldy. Ildeşlerimiz finalda Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysyndan 7–3 hasabynda üstün çykmagy başardy. Duşuşygyň 1-nji döwi 2–2 (Ahmet Gurbanow 04:04, Maksat Ataýew 06:11 – Oleg Kolodiý 15:14, Wladimir Niçipurenko 19:22) hasabynda deňlikde gutardy. 2-nji döwde türkmen hokkeýçileri 1 gol (Pawel Barkowskiý 34:14) öňe saýlandylar.
Çekeleşikli geçen 3-nji döwde türkmenistanly türgenler 4 pökgini garşydaşlarynyň torundan girizdiler. Döwlet Söýünow (44:10), Ezizmuhammet Akmuhammedow (50:58), Meýlis Kulyýew (54:13) hem-de Dmitriý Sawin (56:05) dagynyň netijeli urgulary milli toparymyza ýeňiş getirdi. Şunlukda, 7–3 hasabynda ýeňiş gazanyp, kiçi altyn medala mynasyp bolan türkmen hokkeýçileri 2021-nji ýylda geçiriljek nobatdaky gyşky Aziýa oýunlarynda ýokary diwiziýada çykyş etmäge ygtyýar aldylar.