Fi­lip­pin­li dün­ýä bel­li boks­çy, or­ta ag­ra­myň ägir­di Men­ni Pa­ki­ýao ang­li­ýa­ly Amir Han bi­len şu ýy­lyň 23-nji ap­re­lin­de tut­lu­şyk ge­çi­rer. Pa­ki­ýao özü­niň “twit­ter” so­sial me­dia ul­ga­my ar­ka­ly muş­dak­la­ry­na “Haýsy boksçy bilen tut­lu­şyk ge­çir­me­gi­mi is­le­ýär­si­ňiz?” di­ýen so­wal bi­len ýüz­le­nip­di. Jan­kö­ýer­le­rem Amir Ha­ny saý­la­dy­lar. Ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­den soň, 2 ta­ra­pyň-da ra­zy­ly­gy bi­len tut­lu­şyk 23-nji ap­rel­de geçiriler. Du­şu­şy­gyň guraljak ýe­ri hä­zir­lik­çe bel­li bol­man, res­mi däl mag­lu­mat­la­ra gö­rä, onuň BAE-niň Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
8 ugur­da dün­ýä çem­pion­ly­gy bo­lan ýe­ke-täk boks­çy, 38 ýaş­ly Pa­ki­ýao kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 59 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. 6 sa­par hem utu­lan boks­çy­nyň 2 tut­lu­şy­gy-da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. 6 ge­zek dün­ýä­niň çem­pio­ny Pa­ki­ýao ge­çen ýy­lyň ap­re­lin­de boks bi­len hoş­la­şyp­dy. Ýö­ne no­ýabr aýyn­da özü­niň söý­gü­li spor­tu­na tä­ze­den do­la­nyp­dy we şon­da Jes­si War­ga­sy ýe­ňip, çem­pion­lyk gu­şa­gy­ny ga­za­nyp­dy.
“Twitterde” Pakiýaonyň muş­dak­lary ta­ra­pyn­dan Kel­li Bruk, Jeff Horn, Te­rens Karw­ford da­gy­nyň ara­syn­dan saý­la­nan as­ly pa­kis­tan­ly 30 ýa­şyn­da­ky Amir Ha­n 2004-nji ýyl­da Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da kü­müş me­da­l eýe­läp­di. 31 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp, 4 tut­lu­şyk­da-da utu­lan Amir Han soň­ky sa­par ge­çen ýy­lyň ma­ýyn­da mek­si­ka­ly Sa­ul Al­wa­res­den as­gyn ge­lip­di.