Köp däl. Ba­ry-ýo­gy mun­dan 9 aý öň, ýatdan çykmajak taryhy çempionlygyň baş gah­ry­ma­ny­dy. “Les­ter Si­ti” to­pa­ry fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da aň­sat-aň­sat gaý­ta­lan­ma­jak ba­şar­nyk gör­ke­zip, “Pre­mi­er li­ga­nyň” çem­pio­ny bo­lan­da hem­me­ler ga­za­ny­lan bu aja­ýyp üs­tün­lik­de Klau­dio Ra­nie­ri­niň pa­ýy­nyň ulu­dy­gy­ny bel­läp­di­ler. Onuň 2020-nji ýy­la çen­li “Les­ter” bi­len şert­na­ma­sy bar­dy. Ýö­ne al­nan şow­suz ne­ti­je­ler­den soň, ol ge­çen hep­dä­niň için­de we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy.
1951-nji ýy­lyň 20-nji okt­ýab­ryn­da Ita­li­ýa­nyň paý­tag­ty Rim­de dün­ýä inen Ra­nie­ri­niň fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­sy o di­ýen şow­ly bol­ma­ýar. Ol pro­fes­sio­nal futbola 1973-nji ýyl­da “Ro­ma” toparynda baş­la­ýar. Bu klub­da 6 ge­zek oý­nan Ra­nie­ri 1974–82-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da “Ka­tan­za­ro” to­pa­ry­nyň köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. Soň­ra “Ka­ta­nia­da” (1982–84) we “Pa­ler­mo­da” (1984–86) çy­kyş edip, 1986-njy ýyl­da kar­ýe­ra­sy­ny soň­lan­dyr­ýar. Ra­nie­ri ýö­ne­keý­je ge­çen 13 ýyl­lyk fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­syn­da je­mi 363 ge­zek meý­dan­ça çyk­ýar we şo­lar­da 9 go­ly (“Ka­tan­za­ro­da” 8, “Ka­ta­nia­da” 1) der­we­zä gö­nük­dir­ýär.

3 TO­PAR­DA 2-nji ÝE­RI EÝE­LE­ÝÄR
Ra­nie­ri but­sy­la­ry­ny ýyg­nap go­ýa­nyn­dan 1 ýyl soň, sport eşi­gi­ni geý­ýär we tä­lim­çi­li­ge baş­la­ýar. Onuň il­kin­ji klu­by Poz­zu­li şä­he­ri­niň “Kam­pa­nia Pu­teo­la­na” to­pa­ry bol­ýar. Ýö­ne ol on­dan öňür­ti 1 ýy­la go­laý pro­fes­sio­nal däl to­par bo­lan “Wi­gor La­me­zia­da-da” az-ow­lak iş­le­ýär. 1988-nji ýyl­da “Ka­lia­ri­niň” tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­nil­ýär. Bu ýer­de 3 ýyl iş­läp, özü­ni ta­nad­ýar. Ol “Ka­lia­ri” to­pa­ry­ny 3-nji li­ga bo­lan “Se­rie C-den” 2-nji li­ga (Se­rie B), so­ňam ýo­ka­ry li­ga (Se­rie A) çy­kar­ýar. “Ka­lia­ri­den” soň, ol 1991-nji ýyl­da “Na­po­li” to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­nil­ýär. Il­kin­ji möw­sü­min­de klub çem­pio­na­ty 4-nji orun­da ta­mam­la­ýar. 1993-nji ýyl­da “Fio­ren­ti­na­ny” “Se­rie B-den” “Se­rie A” çy­kar­ýar. Ol 4 ýyl­lap bu klub­da iş­le­ýär. Şol dö­wür­de klu­ba Ita­li­ýa­nyň ku­bo­gy­ny we Su­per ku­bo­gy­ny ga­zan­dyr­ýar. 1997-nji ýyl­da Is­pa­ni­ýa­nyň “Wa­len­si­ýa” klu­by bi­len şert­na­ma bag­laş­ýar. To­pa­ra Şa Ku­bo­gy­ny ga­zan­dyr­ýar. 1999-njy ýyl­da ýygy-ýygydan tä­lim­çi çalyşmagy halaýan He­sus Gill ony ýol­baş­çy­lyk ed­ýän klu­by “At­le­ti­ko Mad­ri­de” ça­gyr­ýar. Ýö­ne mad­rid­li­ler möw­sü­miň ahy­ryn­da aşa­ky li­ga düş­ýär we Ra­nie­ri-de to­par­dan ugradylýar. 2000-nji ýy­lyň 18-nji sent­ýab­ryn­da “Çel­si” bi­len yla­la­şyk ga­zan­ýar. 2003-nji ýyl­da Ro­man Ab­ra­mo­wi­ç “Çel­si­ni” sa­tyn al­ýar. Şol möw­süm­de-de (2003/04) “Çel­si” 50 ýyl­dan soň, 2-nji orun­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­ýar. Em­ma bu de­re­je Ra­nie­rä we­zi­pe­sin­de gal­mak üçin ýe­ter­lik bol­ma­ýar. 2004-nji ýy­lyň 31-nji ma­ýyn­da “Çel­si­den” gaý­dyp, ýe­ne-de “Wa­len­si­ýa” do­lan­ýar. UEFA Su­per ku­bo­gy ga­za­nyl­ýar. Çem­pio­nat­da al­nan pes ne­ti­je­ler­den soň, few­ral­da we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­ýar. Soň­ra 2 ýyllap, te­le­ýaý­lym­lar­da fut­bol du­şu­şyk­la­ry­nyň tes­wir­le­ý­ji­si bol­ýar. 2007-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da “Par­ma­nyň” tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­nil­ýär we to­pa­ry “Se­rie A-da” gal­dyr­ma­gy ba­şar­ýar. 2007-nji ýy­lyň tom­sun­da 2-nji li­ga dü­şü­ri­lip, tä­ze­den ýo­ka­ry li­ga çy­kan “Ýu­wen­tu­sa” geç­ýär. 2 ýyl­dan so­ňam, özü­niň ça­ga­lyk ar­zu­wy­na ýet­ýär, ýag­ny “Ro­ma­nyň” tä­lim­çi­si bol­ýar. 1-nji ýy­lyn­da bas­syr 24 oýun­lap ýe­ňil­me­ýär. “In­ter­den” soň, 2-nji or­ny eýe­le­ýär. 2-nji möw­sü­me şow­suz baş­lan “Ro­ma” Ra­nie­ri­ni 2011-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da we­zi­pe­sin­den bo­şad­ýar. Tä­ze möw­süm­de Gas­pe­ri­ni­niň or­nu­na “In­te­riň” tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­nil­ýär, ýöne uzak wagtlap işläp bilmeýär. 2012 ýy­lyň ma­ýyn­da-da “Li­gue 2-de” çy­kyş ed­ýän “Mo­na­ko” bi­len 2 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­ýar. To­pa­ry ýo­ka­ry li­ga çy­kar­ýar we çem­pio­na­ty 2-nji bas­gan­çak­da ta­mam­la­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, onuň şert­na­ma­sy­nyň möh­le­ti uzal­dyl­ma­ýar. Ra­nie­ri 2014-nji ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gyn­dan soň, Gre­si­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­li­gi­ne ça­gy­ryl­ýar. Bu onuň il­kin­ji mil­li ýy­gyn­dy sy­na­ny­şy­gy bol­ýar. Ol bu ýer­de uzak iş­läp bil­me­ýär (noýabr aýyna çenli işleýär). To­pa­ry Fa­rer ada­la­ry ýa­ly pes ýy­gyn­dy­dan hem ýe­ňil­ýär.

“ESA­SY ZAT ÖZA­RA YNA­NYŞ­MAK”
2015-nji ýy­lyň iýul aýy­nyň 13-ün­de Ang­li­ýa­da or­ta­tap klub­lar­da­nam pes bo­lan, hä­li-şin­di aşa­ky li­ga gat­nap du­ran “Les­ter Si­ti” bi­len 3 ýy­la ni­ýet­le­nen şert­na­ma bag­laş­ýar. Oňa ge­çen möw­süm­de soň­ky oýun­lar­da ga­za­ny­lan utuk­lar sa­ýa­syn­da ýo­ka­ry li­ga­da gal­ma­gy ba­şa­ran klu­by ýe­ne-de çem­pio­nat­da sak­la­mak tab­şy­ryl­ýar. Ýö­ne Ra­nie­ri War­di, Mah­rez, Kon­te, Şmeý­hel, Drink­wo­ter, Oka­za­ki ýa­ly oýun­çy­lar bi­len tä­lim­çi­lik kar­ýe­ra­sy­nyň iň uly ba­şar­ny­gy­ny ga­zan­ýar, klu­ba-da fut­bol ta­ry­hy­nyň ýat­dan çyk­ma­jak, hat­da gaý­ta­lan­ma­jak çem­pi­on­lyk kubogyny ga­zan­dyr­ýar. Ita­li­ýa­ly tä­lim­çi ga­za­ny­lan bu üs­tün­li­giň esa­sy aça­ry hök­mün­de-de öza­ra yna­nyş­magyň wajypdygyny be­ýan ed­ýär. Tä­ze möw­sü­miň ba­şyn­da oýun­çy­la­ry bi­len ýyg­na­ny­şyk ge­çi­ren Ra­nie­ri Ang­li­ýa­da il­kin­ji ge­zek fut­bol­çy­la­ra hep­de­de 2 gün dynç al­ma­ga rug­sat ed­ýär. Ol bu ýag­daý bi­len bag­la­ny­şyk­ly: – Fut­bol­çy­la­rym bi­len şert­na­ma bag­laş­dym. Ola­ra berk ynan­ýa­ryn. Fut­bol hi­mi­ýa däl­dir. Onuň üýt­gew­siz düz­gün­le­ri ýok­dur – diý­ýär. Hat­da, ol kä­bir oýun­çy­la­ry­nyň Lon­don­dyr Man­çes­ter şä­her­le­rin­de ýa­şa­ma­gy­na-da yg­ty­ýar ber­ýär­di.

1001-nji DU­ŞU­ŞYK­DAN SOŇ…
Tä­ze möw­sü­me çem­pi­on hök­mün­de baş­lan “Les­ter Si­ti­niň” bu ýyl şol bir ba­şar­ny­gy gaý­ta­lap bil­me­jek­di­gi mä­lim­di. Ge­çen möw­süm­däki ba­şar­nyk asyr­da bir ge­zek bol­ýan gy­zyk­ly wa­ka­lar ýa­ly gö­rül­ýär­di. Hat­da Ra­nie­ri ge­çen ýyl tä­ze möw­süm­de li­ga­da gal­mak üçin gö­reş­jek­dik­le­ri­ni oýun­ly-çyn­ly be­ýan hem edip­di. 2016/17 möw­sü­mi il­ki-il­ki­ler hä­zir­ki ýa­ly ýa­ra­maz däl­di. To­par Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ýe­ňil­räk to­par­ça­da şow­ly ne­ti­je­ler ga­za­nyp, 2-nji tap­gy­ra çyk­sa-da, çem­pio­nat­da we ku­bok ýa­ryş­la­ryn­da ju­da pes oýun gör­kez­di. To­par tä­ze ýy­la ge­çip, ýe­ňiş ga­zan­ma-­ga beý­le­de dur­sun, gol hem ge­çi­rip bil­me­di. 9-njy ýan­war­da FI­FA ta­ra­pyn­dan 2016-njy ýy­lyň iň go­wy tä­lim­çi­si saý­la­nan Ra­nie­ri­niň ady 18-nji ýan­war­da ital­ýan fut­bo­lyn­da yz gal­dy­ran­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. 7-nji few­ral­da-da klu­buň ýol­baş­çy­la­ry Ra­nie­rä uly gol­daw ber­ýän­dik­le­ri­ni we bil bag­la­ýan­dyk­la­ry­ny, ynam­la­ry­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny aý­dyp­dy­lar. Dog­ry, şol sö­zi eşi­dip, we­zi­pe­sin­de gal­ýan tä­lim­çi­niň az-az­dy­gy­ny-da bel­lä­liň. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da myh­man­çy­lyk­da “Se­wil­ýa­dan” 2–1 ha­sa­byn­da utu­lan gü­nü­niň er­te­si (as­lyn­da bu ha­sap o di­ýen er­be­dem däl), ýag­ny 23-nji few­ral­da Ra­nie­ri­niň we­zi­pe­sin­den bo­şa­dy­lan­dy­gy ba­ra­da­ky be­ýa­nat­lar ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň baş ha­ba­ry bol­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, “Se­wil­ýa” du­şu­şy­gy Ra­nie­ri­niň tä­lim­çi­lik kar­ýe­ra­syn­da­ky 1001-nji oýnu­dy. Ol şo­lar­da je­mi 458 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy (275 deň­lik, 268 ýeň­liş).

KÄR­DEŞ­LE­RIN­DEN ULY GOL­DAW
“Li­wer­pu­lyň” tä­lim­çi­si Ýür­gen Klopp kär­de­şi­niň we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly: – Umu­man soň­ky ýyl­lar­da di­ňe bir fut­bol­da däl, eý­sem, dün­ýä­de-de ga­ra­şyl­ma­dyk, üýt­ge­şik wa­ka­lar bo­lup geçýär. To­pa­ryň nä­me se­bäp­den şeý­le ne­ti­jä ge­len­di­gi­ne men-ä dü­şü­ne­mok – di­ýip, çy­kyş et­di. “Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň” tä­lim­çi­si Mou­ri­no hem Ra­nie­ri­ni gol­da­ýan be­ýa­nat­lar ber­di. Ol: – Bu ýagdaýa seretseň, me­niň “Çel­si­den” ug­ra­dy­ly­şymy, ýatlabama oturmaly däl. Bel­ki-de möw­süm kä­bir ki­şi­le­riň di­ňe özi hak­da ala­da et­me­gi bi­len baş­la­dy. Tä­ze şert­na­ma­lar, klub­dan git­mek ba­ra­da pi­kir ed­ýän­ler, aý­lyk hak­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­ny is­le­ýän­ler we şu de­re­jelere nä­dip, ki­miň bi­len ge­len­di­gi­ni unu­dan­lar – di­ýip, esa­sy se­bäp­kär­le­riň fut­bol­çy­lar­dy­gy­ny bel­läp geç­di. Ýa­dy­ňyz­da bol­sa, ge­çen möw­sümde onuň “Çel­si­den” gaýt­ma­gyn­da kä­bir oýun­çy­la­ryň ro­ly uly bo­lup­dy.

ONUŇ ÜÇIN GEŇ ZAT DÄL
As­lyn­da, Mou­ri­nio­nyň aý­dan zat­la­ry­ o diýen ýalňyşam däl. Se­bä­bi 2 aý­dan bä­ri çem­pi­onat­da gol hem ge­çi­rip bil­me­ýän “Les­ter Si­ti” Ra­nie­ri­siz il­kin­ji du­şu­şy­gyn­da, on­da-da, “Li­wer­pu­ly” 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Oýun­da Ra­nie­ri­niň git­me­gin­de esa­sy rol oý­nan­dy­gy ba­ra­da myş-myş­lar ýaý­ran Jeý­mi War­di 2 gol ge­çir­di. As­lyn­da, Ra­nie­ri üçin we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­mak onuň tä­lim­çi­lik kar­ýe­ra­sy­na se­ret­seň, ga­ty bir geň za­dam däl. – “Les­ter­de” en­tek-en­tek­ler iş­lä­rin öýd­ýär­dim. Me­niň üçin garaşylmadyk pursat boldy – di­ýen Ra­nie­ri, 2011-nji ýyl­da “Ro­ma­ny” “Se­rie A-da” 2-nji­li­ge çy­ka­ran­da-da, “Çel­sä” 55 ýyl­dan soň, il­kin­ji kü­müş me­da­ly­ny ga­zan­dy­ran­da-da, “Mo­na­ko­ny” 2-nji li­ga­dan alyp, çem­pio­nat­da 2-nji or­na çy­ka­ran­da-da işi­ni taş­la­ma­ly edi­lip­di. Tä­lim­çi­lik kar­ýe­ra­sy­nyň 29-njy ýy­lyn­da ýo­ka­ry li­ga­lar­da il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan Ra­nie­ri “Les­te­re” ta­ry­hy ba­şar­nyk ga­zan­dyr­dy. Ýö­ne onuň we­zi­pesin­den bo­şa­dyl­mazly­gy üçin bu­ hem ýe­ter­lik bol­ma­dy.