Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek liderini resmi adamlar garşyladylar.

Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda dabaraly resmi garşylanyşy boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini mübärekledi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hormatly atlylar düzüminiň ugratmagynda awtoulagda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugradylar. Şol ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanansoň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler hem-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekdiler.

Iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda 2018-2020-nji ýyllarda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama, Demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Ähtnama, medeni-ynsanperwer ulgamynda 2017-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2017-2018-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Şeýle hem sebitleriň arasynda – Daşoguz welaýaty bilen Horezm oblastynyň hem-de Lebap welaýaty bilen Buhara oblastynyň arasynda Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyklara gol çekildi. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalygy ministrlikleri, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni Özbegistanyň kärhanalary hem-de edaralary bilen Şertnamalary baglaşdylar.

Iki ýurduň liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde ýüzlenme bilen hem çykyş etdiler.

Ertir, 7-nji martda iki ýurduň Liderleri Lebap welaýatyna baryp, Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.