Ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda mähriban, söýýän we söýülýän ene-mamalarymyza, gyzlarymyza we uýalarymyza bagyşlanan dabaralar guraldy. Halkara zenanlar güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda döwlet derejesinde bellenip, halkymyzyň umumadamzadyň ýokary gymmatlyklaryna we maksatlaryna wepalydygyny alamatlandyrýar. 8-nji martda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanylan dabara ge çirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler sarpalanyldy. Dabara şeýle hem hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaş dylar. “Arkadagly zamanda bagtly ýaşaň siz, zenanlar!” atly edebi-sazly çykyş baýramçylyk maksatnamasynyň esasyny düzdi. Ony teatrlaryň artistleri we ýurdumyzyň çagalar tans toparlary ýerine ýetirdiler. Milli Liderimiziň wideo şekilde ýaňlanan “Bagt nury” we “Kalbymda sen” diýen aýdymlary dabara gatnaşyjylar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Tomaşaçylar zenan bagty we wepalylygy, ene söýgüsi we sabyr-kanagaty, ene topragymyzyň öçmejek gözelligi baradaky ajaýyp aýdymlary tolgunma bilen diňlediler. Dabaranyň ahyrynda mähriban gelin-gyzlarymyza bagyşlanan, Garaşsyz Watanymyza we milli Liderimize bolan buýsanç duýgusyna beslenen “Halk ,Watan, Arkadag” atly aýdym ýaňlandy. Şeýle hem, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralan ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlaryna ajaýyp sowgat boldy. Mukamlar köşgüniň sahnasynda ýurdumyzyň iň gowy dö- redijilik toparlary, meşhur horeografiýa we folklor toparlary, belli estrada aýdymçylary we halk bag- şylary, ýaşajyk artistler mährem zenanlaryň hormatyna öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bulardan başga hem Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi, olara Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäreleriň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça sekiz we ondan hem köp perzendi dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly atlara mynasyp bolan eneleri sarpalamak çäreleri guraldy, köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Şu gezekki dabaralar baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen enelerimiziň iki ýüz segsenden gowragy “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp boldular. Bellenilişi ýaly, köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, şol sanda olaryň ýaşaýyş- durmuş şertlerini gowulandyrmak döwletimiziň baş aladasydyr. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalaryň nobatdaky topary belent ýaşaýyş jaýynda ýerleşýän ähli amatlyklary bolan täze giň öýleriň açarlaryny aldylar, olar uly ruhubelentlik ýagdaýynda jaý toýlaryny tutdular. Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda ähli ministrliklerde, pudak edaralarynda, olaryň düzüm böleklerinde, edaralarda we guramalarda, eýeçiligiň dürli görnüşli kärhanalarynda hormatly Prezidentimiziň adyndan aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gow- şurmak dabaralary geçirildi. Däbe görä pul sowgatlary aýal-gyzlaryň ählisine, şol sanda talyplara, mekdep okuwçylaryna we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara gowşuryldy. Ýurdumyzyň zenanlaryny ajaýyp baýramy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz olara “Goý, halkymyzyň ýürek guwanjy, maşgala daýanjy hem-de mertebesi bolan mähriban enelerimiziň we gelingyzlarymyzyň güler ýüzleri elmydama bahar ýaly nurana bolsun!” diýip, arzuw etdi.