Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy polipropilen plýonkalary öndürmäge taýýarlan ýar. Önümiň täze görnüşiniň özleşdirilmegi “P.T.Istana karang Laut” (Indoneziýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda alnyp barylýar. Şertnama laýyklykda, bu ýerde iki görnüşli – bir gatly dury we soekstruzion plýonka öndüriler. Häzirki wagtda kärhanada gurnalan enjamlarda işe giriziliş we düzediş işleri alnyp barylýar.
Zawodda öndüriljek polipropilen plýonkasy has mäkämligi bilen tapawutlanýar. Çünki onda özboluşly molekulýar gurluş bolar. Soekstruzion plýonkalar özüniň gazobarýer häsiýeti bilen tapawutlanyp, ýylylyk saklaýjylygy hem juda oňatdyr. Poliamidanyň ýörite gatlagy onuň özboluşlylygyny saklap, hatda, ony aýaza uçran harytlary mäkäm gaplamakda hem ulanyp bolýar. Bu gatly plýonkalara süpürip bolmaýan ýazgy we ýüzüne metal çaýyp bolýar. Plýonka öndürmek boýunça täze gurluş bu ýerdäki nebiti gaýtadan işleýän kärhanada çykarylýan polipropilenden edilen önümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu ýerde ýerli çig maldan her ýylda 21 müň tonna çenli dürli görnüşli plýonkalar, şol sanda, azyk önümlerini we senagat harytlaryny gaplamak üçin niýetlenen plýonkalar öndüriler.