Paýtagtymyzda mümkinçiligi çäkli we ilatyň durmuş goldawyna aýratyn mä täçlik çekýän adamlar üçin mugt ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynyň şu ýylyň ýanwar aýynda badalga berlen maksatnamasynyň çäklerinde ýaşaýyş jaýynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin ähli zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün edilen köp öýli, oňaýly, 4 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar. Mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin ýörite işlenip taýýarlanylan taslamalar esasynda ilkinji ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabaralary Ahal wela- ýatynyň Tejen şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde geçirildi. Döwrebap ýaşaýyş üçin ähli şertler göz öňünde tutulan täze 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýy Aşgabadyň 8-nji kiçi etrapçasynyň ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediler. Bu ýerde söwda bazarynyň, 420 orunlyk dikeldiş merkezi bolan okuw-terbi- ýeçilik toplumynyň, şeýle hem “Galkynyş” sport toplumynyň ýerleşmegi täze ýaşaýyş jaýynyň ýerleşjek ýeriniň tötänden saýlanyp alynmandygyny alamatlandyrýar. Bu künjekde seýilgäh zolaklary, şeýle hem durmuş düzümine degişli beýleki desgalar emele gelýär. Taslama laýyklykda, mümkinçilikleri çäkli adamlaryň öz öýlerine barmaklary üçin oňaýly hereket etmeklerini göz öňünde tutýan şertler döredildi. Öýler täze ýaşaýjylaryň zerurlyklaryna laýyklykda abadanlaşdyrylar. Ýaşaýyş jaýynyň ýanaşyk ýerlerinde gök zolaklar dörediler. Şeýle hem bu ýerde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler dörediler.