Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň XXV Mil­li çem­pio­na­ty­na ba­dal­ga be­ril­di. Ýu­bi­leý möw­sü­miniň il­kin­ji oý­ny “Bal­kan” bi­len “Tu­ra­nyň” ara­syn­da bo­lup, 1-nji pök­gi­ni 3-nji mi­nut­da go­rag­çy Nur­ta­gan Mämme­da­ly­ýew öz ady­na ýaz­dyr­dy. Eý­ýäm 3 möw­süm­den bä­ri möw­sü­miň il­kin­ji go­luny go­rag­çy­lar ge­çi­rip gel­ýär.
61-nji minutda netijeli goragçylaryň biri Mekan Saparow hasaby has-da artdyrdy. 69-njy minutda Hemra Amanmämmedow, 84-nji minutda-da Yhlas Magtymow tapawutlandy we “Balkan” 4–0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Energetik” topary öz meýdançasynda “Şagadamy” ilkinji 5 minutda geçiren gollary bilen 2–0 hasabynda utdy. Gollary Tirkiş Muhammetberdiýew bilen Selim Nurmyradow derwezä girizdi. “Ahal” öz meýdan- çasynda “Köpetdagy” kabul edip, Didar Hajyýewiň 90+3-nji minutdaky goly bilen 1–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Çekeleşikli geçen duşuşykda “Aşgabat” topary Marynyň “Merwinden” 3–2 hasabynda üstün çykdy. Oýunda ýer eýelerinden Pirmyrat Gazakow 30, Gahrymanberdi Çonkaýew 33, Nurýagdy Muhammedow (61), myhmanlardan Rustam Matrizaýew (22, 66) tapawutlandy. 2-nji tapgyrda “Merw” öz meýdançasynda “Köpetdagy” 4–1 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Begenç Alamow, Amangeldi Saparow, Guwanç Ýagmyrow (2), myhmanlaryň ýeke-täk topuny-da Ýazgylyç Gurbanow öz adyna ýazdyrdy. Transfer möwsüminde ökde oýunçylary düzümine goşan “Şagadam” topary “Ahalyň” torundan jogapsyz 4 pökgi girizdi. Olary Aleksandr Boliýan, Amir Gurbani, Myrat Hamraýew hem-de Hydyr Ýakubow derwezä saldy. “Turan” bilen “Energetik” toparlarynyň arasyndaky oýunda ýeňijini ýeketäk gol kesgitledi. Ony-da myhmanlardan Guwanç Abylow 81-nji minutda tora girizdi. Şeýle hem “Altyn asyr” bilen “Balkanyň” arasyndaky duşuşykda-da şol netije hasaba alyndy. Soňky 3 ýylyň çempiony “Altyn asyr” Murat Ýakşiýewiň 85-nji minutdaky ýeke-täk goly esasynda täze möwsümdäki ilkinji 3 utugyny gazandy. Ilkinji 2 tapgyrda deňme-deň tamamlanan du- şuşyk bolmady. “Energetik” oýnan 2 duşuşygyndada ýeňiş gazanan ýeke-täk topar boldy. “Köpetdag” bilen “Turana” welin, 2 oýunda-da ýeňiş gazanmak başartmady. Iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda “Merwiň” 2 futbolçysy Rustam Matrizaýew bilen Guwanç Ýagmyrowyň hersi 2 gol bilen öňde barýarlar.