Bel­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Brýus­sel­de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­li ýyg­na­gy ge­çiril­di. Şol ýyg­na­gyň çäk­le­rin­de gu­ra­ma­nyň işi­niň iler­le­dil­me­gine hem-de kä­bir gu­ra­ma­çy­lyk mese­le­le­ri­ne se­re­dil­di. Sam­mi­tiň bar­şyn­da ge­çi­rilen ses be­rlişi­giň ne­ti­je­sin­de, Ýew­ro­pa Ge­ňe­şiniň hä­zir­ki Baş­ly­gy Do­nald Tusk gu­ra­ma­nyň iň ýo­ka­ry we­zi­pe­si­ne gaý­ta­dan saý­lan­dy.
Ol Ýewropa Bileleşiginiň iň ýokary organyna ýene-de 2 ýyl ýolbaşçylyk eder. – Donald Tusky gutlaýarys – diýip, Ýewroparlamentiň Başlygy Antonio Taýani mälim etdi. Taýani hem golaýda bu wezipä saýlanypdy. Donald Tusk ses berlişik döwründe zalda däldi we özüne ynam bildiren Ýewropanyň ýolbaşçylaryna: – Maňa bildirilen ynam hem-de Ýewropa Geňeşiniň işine berlen ýokary baha üçin hoşallygymy bildirýärin. Ýewropa Geňeşiniň işini has-da ilerletmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanaryn – diýip, minnetdarlyk bildirdi. Ýewropa Geňeşiniň Başlygy 2,5 ýyl hemde 2 möhlete saýlanyp bilýär. Donald Tusk 2014-nji ýylyň ahyrynda bu wezipä saýlanypdy. Onuň işiniň birinji möhleti 2017-nji ýylyň 31-nji maýynda tamamlanýar. Polşanyň ozalky Premýer-ministri Donald Tusk bu wezipä täzeden bellendi.