Dünýä ylmynda yz galdyran, Gündogaryň parlak ýyldyzlarynyň biri Seýit Ysmaýyl Gürgenli düýpli öwrenilmäge mynasyp alymlardandyr. Ol Gürgende dünýä inse-de, özüniň manyly ömrüni (ol 96 ýaşapdyr) Maryda geçiripdir. Ol Abu Aly Ibn Sinadan soň, ikinji orundaky ensiklopedik alym lukmandyr. Tebipçilik iň gadymy ylymlaryň biridir. Onuň düýbüni tutan Gippokratdyr, sebäbi ondan öň lukmançylyga degişli ýazuw çeşmesi ýok. Orta asyrlarda deňi-taýy bolmadyk alym lukman Abu Aly Ibn Sina özünden ozalkylaryň işlerini öwrenip, olaryň kemçiliklerini, üstünliklerini seljeripdir. Şonuň üçin Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly dünýä meşhur kitaby Ýewropada soňky 500 ýylyň dowamynda okuw jaýlarynda bu ugurdan esasy gollanma bolupdyr. Ýewropada onuň ady Awisenna diýlip tutulýar. Dogrudanam, Ibn Sinanyň kitaby uly göwrümli (4 jilt) bolup, çuňňur ylmy derejede ýazylypdyr. Kitap geljekki lukmanlary okatmak üçin niýetlenilipdir. Kitapda keseliň döremegine sebäp bolýan ýagdaýlar, näsagyň bedeninde bolup geçýän üýtgeşmeler, olaryň ösüşi, nähoşlugyň alamatlary, keseliň öňüni almak we bejermek, syrkawlygyň netijesi we başgalar teswirlenýär. Gürgenliniň kitabynda ýarawsyzlygyň ählisi barada gysgajyk maglumatlar berilýär. Şol döwürde döwlet dili bolan türki dili bilen bir hatarda, pars dili hem ulanylypdyr. Şonuň üçin Gürgenliniň parsça ýazylan “Tebipçiligiň ýan kitaby” köp adam üçin düşnükli hem elýeterli bolupdyr. Ondan ozalky kitaplar, şol sanda Abu Ali Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” eseriniň hem arap dilinde ýazylandygy üçin ony diňe bellibelli adamlar peýdalanypdyr. Dürli çeşmelerden belli bolşuna görä, Gürgenli jemi 9 kitap ýazypdyr, emma biziň döwrümize gelip ýeteni diňe onuň “Tebipçiligiň ýan kitabydyr”. Kitabyň birinji bölümi saglygy goramak, ikinjisi dürli dertleri anyklamak we bejermek baradadyr. Meşhur alym keselleriň öňüni almagyň, ony dep edenden has amatlydygyny tekrarlapdyr. Şeýle hem meşhur alym howanyň guraklygynyň, çyglylygynyň, dymyklygynyň, arassalygynyň, ony tämizläp durmagyň ähmiýetini nygtapdyr. Pasyllaryň haýsysynda nähili iýmitlenmelidigini, haçan gan aldyrmalydygyny, ýaşalýan ýeriň beýik, pesdedigini, deňiz ýakasyndadygyny, çöldedigini, bag-bakjalydygyny, şolaryň aýratynlyklaryny düşündiripdir. Egin-eşik geýlişi baradaky bölümçede olaryň ýyly (ýüň eginbaş), salkyn (keteni, ýüpek matalar), aralyk (pagtadan) görnüşlerde bolmalydygyny, irimçik matalaryň deri örtüginiň gatamagyna getirýändigini ýaňzydypdyr. Naharlanmak dogrusundaky bölümde ýeňil, agyr, aram iýmitler barada aýdyp, nähili häsiýetli näsaglaryň näme iýmelidigine ünsi çekipdir. Nahardan soň, ýatman, gezim etmelidigini, onuň ähmiýetini düşündiripdir. Alym suw içmek barada durup geçende, onuň fiziki hem-de arassalygynyň häsiýetlerini aýdyňlaşdyrýar. Gyzgyn nahardan soň, sowuk suw içmeli däldigini, onuň örän zyýanlydygyny tekrarlaýar. Alym uky hakda: “Köp ýatmagy endik edinen adamlar bu ýaramaz häsiýetinden el çekmelidirler. Gündizki uky hiç wagt gijeki ukynyň ýerini tutmaýar we ol ýataganyň ýüzüni saraldýar. Üznüksiz, birmeňzeş gaýtalanýan sesler, suwuň we golaýdaky suw degirmeniniň sesi ukyňy tutdurýar, ýadawlygy we argynlygy dep edýär” diýip ýazýar. Keseller hakyndaky ýazgylarda olaryň alamatlary gysgaça teswirlenýär hem-de olaryň bejerilişi düşündirilýär. Bu babatda, dürli otlary, ýaglary garyp, çylşyrymly dermanlyk serişdelerini taýýarlamagyň usullary ündelýär. Dertli adamlara melhem ýasamak üçin dermanlyk ösümlikleriň müňlerçesiniň tutuş ýyly ýaza meňzeş gök sähraly eziz Diýarymyzyň dag-düzünde juda kändigi hemmelere mälimdir. Alym, lukman Prezidentimiziň ençeme jiltden ybarat, daşary ýurtlaryň dilleriniň birnäçesine terjime edilen, dünýä ylmynyň ykraryýetine eýe bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitaplary ýokarda aýdan pikirimizi doly subut etdi. Bagtyýar zamanamyzda çuňňur ylmy derejede ýazylan bu kitaplar diňe bir lukmanlarymyzyň ýan kitabyna öwrülmek bilen çäklenmän, müňlerçe okyjylarymyzyň öý kitaphanalarynda-da müdimilik orun aldy. Çünki, tejribeli lukman Prezidentimiz parlak türkmen güneşiniň astynda ýetişen, ekologik taýdan iň arassa ösümliklerden derman ýasamagyň iň sadaja ýollaryny salgy berýär. Biz goja taryhymyzdaky meşhur alymlarymyzyň isleg-arzuwlaryny bu ajaýyp zamanamyzda aňryýany bilen durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hemişe uly rowaçlyklary arzuw edýäris!
Gündogaryň parlak ýyldyzlarynyň biri
Amanmuhammet Gurbanow, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dosenti.