1990-njy ýyllaryň şöhratly aktýorlary Žan-Klod Wan Damm bilen Dolf Lundgren “Uniwersal esger” filmlerinden soň, ýene bir ýola täze kinoda bilelikde baş keşplerde surata düşerler. “Gara suw” (Black Water) atly bu kinonyň surata alnyş işleri häzirki wagtda Alabama ştatynda ýokary depginde dowam edýär. “Ýumrujylar– 2 ” filminde- de kiçeňräk keşplerde bilelikde çykyş eden aktýorlaryň täze kinosyna Paşi Patriki režissýorlyk etse, onuň ssenarisini Çad Law ýazdy. Filmde iki aktýordan başga- da Patrik Kilpatrik, Al Sapienza, Jasmin Walts, Jon Pousi ýaly artistler hem dürli keşpleri ýerine ýetirýär. Kino 2018- nji ýylda prokata çykarylar.