Iki hep­de öň­ki “In­di­an Wells” ýa­ry­şyn­dan soň, “Ma­ýa­mi Mas­ters” ten­nis bäs­le­şi­gin­de-de er­kek­le­riň ara­syn­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç, ze­nan­lar­dan be­la­rus­ly Wik­to­ri­ýa Aza­ren­ka ýe­ňi­ji bol­dy. Ýe­ňi­ji­leriň hersi aý­ra­tyn­lyk­da 1 mil­li­on 38 müň dol­lar­ bilen sy­la­glandy.
ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­ty­nyň Ma­ýa­mi şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Us­sat­lar” ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç bi­len ýa­po­ni­ýa­ly Kei Ni­şi­ko­ri öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. Du­şu­şyk 1 sa­gat 27 mi­nut­lap do­wam et­di we 2 set­de-de ýew­ro­pa­ly ten­nis­çi gar­şy­da­şyn­dan 6–3 ha­sap­la­ry bi­len üs­tün çyk­dy. Şun­luk­da, ATP sa­na­wy­nyň 1-nji bel­gi­li­si Jo­ko­wiç “Ma­ýa­mi Mas­tersde” bas­syr 3-nji, umu­my­lyk­da 6-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ol bu ýer­de mun­dan oza­lam, 2007-nji, 2011-nji, 2012-nji, 2014-nji, 2015-nji ýyl­lar­da-da ku­bo­gy eýe­läp­di. Bu ugur­da Ma­ýa­mi­de 6 sa­par ýe­ňiş ga­za­nan And­re Agas­si bi­len deň­le­şen Jo­ko­wiç ýa­po­ni­ýa­ly Ni­şi­ko­ri­ni 9-njy oý­nun­da 7-nji ýo­la ut­dy. Ga­ly­ber­se-de, Jo­ko­wiç şu möw­süm­dä­ki 4-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 63-nji ATP çem­pi­on­ly­gy­na my­na­syp bol­dy. 28 ýaş­ly ten­nis­çi 28-nji “Mas­ters” çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp, bu ugur­da Ra­fa­el Na­da­lyň re­kor­dyny öz ady­na ge­çir­me­gi ba­şar­dy.

IŇ KÖP GIRDEJI GAZANAN TENNISÇI BOLDY
Bu bäs­le­şik­den soň, Jo­ko­wi­çiň ýaryşlardan ga­za­nan pul baý­ly­gy 98,2 mil­li­on dol­la­ra ýet­di. Şeý­le­lik­de, ol bu ugur­da Ro­jer Fe­de­rer­den öňe saý­la­nyp, 1-nji­lik bas­gan­ça­gy­na geç­di. 17 “Uly tu­wul­ga­sy” bo­lan Fe­de­rer şu wag­ta çen­li 97 mil­li­on 855 müň 881 dol­lar ga­zan­dy. Sa­naw­da Ra­fa­el Na­dal ýygnan 76 mil­li­on 408 müň 882 dol­la­ry bi­len 3-nji ha­tar­da bar­ýar. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da 69 WTA çem­pi­on­ly­gy bo­lan ame­ri­ka­ly Se­re­na Wil­liams 1-nji or­ny eýe­läp, ol hä­zir­ki gü­ne çen­li ten­nis bäs­le­şik­le­rin­den 75 mil­li­on 929 müň 696 dol­lar­lyk ga­zanç et­di.

Miami+Open+Day+13+Fmf4yDLbfdNl

ÝE­NE-DE AZA­REN­KA
Ze­nan­lar ýa­ry­şynyň fi­na­lyn­da 13-nji bel­gi­li Wik­to­ri­ýa Aza­ren­ka bi­len 15-nji ha­tar­da­ky rus­si­ýa­ly Swet­la­na Kuz­ne­so­wa du­şuş­dy. 77 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da be­la­rus­ly ten­nis­çi Aza­ren­ka gar­şy­da­şy­ny 2 se­tiň do­wa­myn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1-nji set­de 6–3, 2-nji set­de-de 6–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Aza­ren­ka 2009-njy we 2011-nji ýyl­lar­dan soň, 3-nji ge­zek “Ma­ýa­mi Mas­ters­de” çem­pi­on bol­dy.