Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 2-nji ýa­ry­şy Ar­gen­ti­na­da ge­çi­ri­lip, on­da “Rep­sol Hon­da” to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Mark Mar­kes ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol ýur­duň San­tia­go del Es­te­ro we­la­ýa­tyn­da­ky Ter­mas de Rio Hon­do şä­he­rin­de gu­ra­lan 20 aý­law­lyk (4,8 ki­lo­metr­lik tras­sa­da) bäs­le­şi­gi 34 mi­nut 13,628 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. 23 ýaş­ly dün­ýä çem­pi­ony şu ýyl­ky 1-nji, umu­my­lyk­da-da 25-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. On­dan 7,6 se­kunt­lyk az ne­ti­je gör­ke­zen “Mo­wis­tar Ýa­ma­ha” to­pa­ry­nyň ital­ýan pi­lo­ty Wa­len­ti­no Ros­si 2-nji, to­pa­ryň baş­ga bir sü­rü­ji­si is­pa­ni­ýa­ly Da­ni Ped­ro­sa li­der­den 28,1 se­kunt yza ga­lyp, 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Ge­çen ýy­lyň çem­pio­ny we möw­sü­miň 1-nji “Gran Pri­sin­de” ýe­ňi­ji bo­lan Hor­ge Lo­ren­zo (“Mo­wis­tar Ýa­ma­ha”) 3-nji ha­tar­dan baş­lan ýa­ry­şyn­da 6-njy aý­law­da he­läk­çi­li­ge uç­ra­dy we bäs­le­şi­gi ta­mam­lap bil­me­di. Bu ýa­ryş­dan soň, utu­gy­ny 41-e çy­ka­ran Mar­kes sa­naw­da 1-nji bas­gan­ça­ga beý­gel­di. 33 utuk­ly Wa­len­ti­no Ros­si 2-nji, 2 ýa­ryş­da 27 utuk top­lan Da­ni Ped­ro­sa 3-nji orun­da bar­ýar. Möw­sü­miň in­di­ki ýa­ry­şy 10-njy ap­rel­de ABŞ-da ge­çi­ri­ler.