Ýurdumyzyň futbol çempionatynda täze möwsümiň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde 3 duşuşyk oýnaldy. Bir oýun milli ýygyndymyzyň duşuşygynyň bardygy sebäpli soňa goýuldy. Geçirilen 3 duşuşykda 5 pökgi derwezä urlup, 1 oýun deňlikde tamamlandy. “Şagadam” öz meýdançasynda paýtagtyň “Aşgabat” toparyny kabul etdi. Ýer eýeleri 35-nji minutdan soň, 1 oýunçy kem çykyş etselerem, 2–0 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. 35-nji minutda Hydyr Ýakubowyň 2-nji sarydan soň, gyzyl petek alan oýnunda “Şagadama” ýeňiş getiren gollaryň ikisini-de Amir Gurbani (56, 85) öz adyna ýazdyrdy. Bu ýeňişden soň, kenarýakaly futbolçylar utuklaryny 9-a ýetirip, sanawda 1-nji basgançaga beýgeldi. Tapgyryň merkezi oýnunda “Energetik” bilen “Balkan” duşuşdy. Oýnuň 7-nji minutynda ýer eýelerinden Didar Durdyýew penalti goly bilen hasaby açdy. Duşuşygyň 88-nji minutynda-da Azat Garajaýew hasaby deňledi we oýun 1–1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Şeýle-de Marynyň “Merwi” myhmançylykda “Turandan” 1–0 hasabynda üstün çykdy. Olara ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini 44-nji minutda Elzar Kurbanow derwezä girizdi.
Çempionatyň nobatdaky tapgyrynyň duşuşyklary 1-nji aprelde geçiriler. Şol gün “Ahal”–“Balkan”, “Merw”–“Altyn asyr”, “Köpetdag”–“Şagadam” hem-de “Aşgabat”–“Turan” duşuşyklary oýnalar.