Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly ulag ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan For­mu­la 1 bäs­le­şi­gi­niň tä­ze möw­sü­mi­ne er­tir ba­dal­ga ber­ler. 20 ýa­ryş­dan yba­rat dün­ýä çem­pio­na­ty Awst­ra­li­ýa­nyň Mel­burn şä­he­rin­den baş­lanyp, 26-njy no­ýabr­da-da Abu Da­bi­de ta­mam­la­nar. Çem­pio­na­ta 10 to­par gat­na­şyp, ola­ryň her­sin­den 2, je­mi 22 sü­rü­ji öza­ra bäs­le­şer. Ge­çen ýyl 11 to­par çy­kyş edip­di. Tä­ze möw­süm­de “Ma­nor” to­pa­ry ýa­ry­şa go­şul­maz. Şeý­le-de bu ýyl Ger­ma­ni­ýa “Gran Pri­si” sa­naw­dan çy­ka­ryl­dy. Ge­çen ýy­lyň çem­pio­ny Ni­ko Ros­bergiň F1 kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­lan­dy­gy­ny ozal ha­bar be­rip­dik. To­par onuň or­nu­na Walt­te­ri Bot­ta­sy trans­fer edip­di. Şol san­da ulag­la­ra uly bol­ma­dyk teh­ni­ki üýt­ge­şik­lik­ler, şeý­le hem tä­ze ki­çeň­räk düz­gün­le­riň gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­lä­liň. Iň esa­sy üýt­ge­şik­lik bol­sa, F1-iň 40 ýyl­lyk eýe­si­niň ça­lyş­ma­gy­dyr. F1-iň eýe­çi­li­giniň Ber­ni Ekk­les­to­un­dan ABŞ-nyň “Li­ber­ty Me­dia” şe­re­ke­ti­ne geç­me­gi For­mu­la 1-dä­ki iň esa­sy üýt­ge­şik­lik ha­sap­lan­ýar. Çempionlygyň esasy dalaşgärleri hökmünde-de Sebastian Wettel bilen Lewis Hamilton görekzilýär.

TOPARLAR …………………………… SÜRÜJILER
“Ferrari” (Italiýa) ………………….. Sebastian Wettel (Germaniýa), Kimi Raikkonen (Finlýandiýa)
“Fors India” (Hindistan) ………… Serhio Perez (Meksika), Esteban Okon (Fransiýa)
“Haas F1” (ABŞ) ……………………. Roman Grožan (Fransiýa), Kewin Magnussen (Daniýa)
“MakLaren” (Beýik Britaniýa) …. Fernando Alonso (Ispaniýa), Stoffel Wandoome (Belgiýa)
“Mersedes” (Germaniýa) ……….. Lewis Hamilton (B. Britaniýa), Waltteri Bottas (Finlýandiýa)
“Red Bull Rasing” (Awstriýa) ….. Daniel Rikkiardo (Awstraliýa), Maks Werstappen (Gollandiýa)
“Reno” (Fransiýa) …………………. Niko Hulkenberg (Germaniýa), Jolýon Palmer (B. Britaniýa)
“Sauber” (Şweýsariýa) ………….. Markus Eriksson (Şwesiýa), Paskal Werleýn (Braziliýa)
“Toro Rosso” (Italiýa) ……………. Daniýl Kwýat (Russiýa), Karlos Sains Junior (Ispaniýa)
“Williams” (Beýik Britaniýa) ….. Lans Stroll (Kanada), Felipe Massa (Braziliýa)