Hokkeý boýunça Norwegiýanyň milli çempionatynyň çäklerinde geçirilen “Storhamer Dragons” bilen “Sparta Warriors” klublarynyň arasyndaky çärýek final oýnunda taryhy rekord goýuldy. Çärýek finaldaky ikiçäk 5-nji duşuşygyň esasy wagty 1–1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Üç döwüň dowamynda toparlaryň hersi bary-ýogy 1 gol geçirdi. Ýarym finalçyny kesgitlemek üçin goşmaça wagt (owertaým) berildi. Ýöne 7-nji gezek berlen goşmaça wagtda-da hasap üýtgemedi. Ahyrynda 8-nji goşmaça wagtda ýer eýesi “Storhamer Dragons” toparyndan Joakim Jensen tapawutlandy we klubuna ýeňiş gazandyrdy. Şunlukda, “Storhamer Dragons” topary umumy hasapda 3–2 öňe saýlanyp, ýarym finala çykdy. Ýer eýeleri duşuşygyň dowamynda 95, myhmanlar 93 urgy geçirdi. Bu duşuşyk hokkeýiň taryhyndaky iň uzak wagtlap oýnalan oýun hökmünde hasaba alyndy. Ýekşenbe güni ýerli wagt bilen 18:00-da başlanan oýun duşenbä geçilen gije sagat 02:33-de tamamlandy. Ýagny duşuşyk 8,5 sagatdan gowrak wagtdan soň gutardy. Başgaça aýdylanda, taryhy duşuşyk 217 minut 13 sekuntlap dowam etdi we bu ugurda rekord täzelendi. Mundan öňki rekord 1936-njy ýylda Stenli kubogynyň çäklerinde “Detroit Red Wings” bilen “Monreal Marunsyň” arasyndaky oýna degişlidi. Şonda “detroitliler” 6-njy goşmaça wagtda 1 gol geçirip, 176 minut 30 sekuntlap dowam eden duşuşykda ýeňiş gazanypdylar.