Eý­ýäm 4 ýyl­dan bä­ri to­mus­da ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Hal­ka­ra Çem­pi­on­lar ku­bo­gy ýol­daş­lyk ýa­ry­şyn­da fut­bol muş­dak­la­ry­na uly du­şu­şyk ga­raş­ýar. Bäs­le­şi­giň bu ýyl­ky­syn­da “Bar­se­lo­na” bi­len “Re­al Mad­rid” to­par­la­ry öza­ra du­şu­şar. Bu ta­ry­hy “El Kla­si­ko” du­şu­şy­gy 29-njy iýul­da ABŞ-nyň Ma­ýa­mi şä­he­rin­dä­ki “Hard Rock” sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­ler. Şeý­le­lik­de, iň köp to­ma­şa edil­ýän sport çä­re­le­ri­niň bi­ri bo­lan “El Kla­si­ko” 35 ýyl­dan soň, 2-nji ge­zek Is­pa­ni­ýa­dan da­şa­ry­da oý­na­lar. “Re­al” bi­len “Bar­se­lo­na” Is­pa­ni­ýa­dan da­şa­ry­da il­kin­ji sa­par 1982-nji ýyl­da We­ne­sue­la­da öza­ra du­şu­şyp­dy­lar. Şon­da “Re­al Mad­rid” Wi­sen­te del Bos­ke­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş gazanyp­dy. Ga­ly­ber­se-de, 2 klub iň soň­ky sa­par 1991-nji ýy­lyň 11-nji sent­ýab­ryn­da öza­ra ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy­ny ge­çi­rip­di.
Hal­ka­ra Çem­pi­on­lar ku­bo­gy ýa­ry­şy her ýyl di­ňe De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da däl, eý­sem-de Hy­taý­da, Ýewropada hem-de Awst­ra­li­ýa­da ge­çi­ri­lip, oňa, aý­ra­ty­nam, UEFA-nyň öň­de­ba­ry­jy klub­la­ry gat­naş­ýar­lar. Bu ýyl Hy­taý­da­ky bäs­le­şi­ge “Mi­lan­dyr” “In­teriň”, “Ba­wa­ri­ýanyň”, “Bo­rus­sia Dortmundyň” hem-de “Ar­se­na­lyň” gat­naş­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Şeý­le-de ABŞ-da­ky bäs­le­şik­de “Re­al­dyr” “Bar­se­lo­na­dan” baş­ga-da PSŽ, “M. Ýu­naý­ted” we “M. Si­ti” to­par­la­ry-da çy­kyş eder.