Dünýä ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 3-nji ýaryşy Meksikanyň Leon şäherinde geçirilip, onda “Sitroen Total Abu Dabi” toparynyň Beýik britaniýaly piloty Kris Mik ýeňiji boldy. Ol bäsleşigiň soňky kilometrinde ýodadan çykan hem bolsa, 10 sekuntda täzeden ýoda dolanmagy başardy. Netijede, Mik 3 sagat 22 minut 04,6 sekuntda pellehanadan geçip, bu ýylky ilkinji, karýerasyndaky 4-nji ýeňşini gazandy. Ondan 13,8 sekunt yza galan soňky çempion, fransiýaly pilot Sebastian Ožie (“Ford Fiesta M-Sport”) 2-nji ýeri eýeledi. 3-nji orna “Hýundai Motorsport” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwill mynasyp boldy. Geçirilen 3 bäsleşikden soň, Sebastian Ožie 66 utuk bilen sanawyň başyny çekýär. Ondan 8 utugy az “Toýota GAZOO” toparynyň fin sürüjisi Ýari-Matti Latwala 2-nji, Ožieniň estoniýaly topardaşy Ott Tanak 3-nji hatarda barýar (48 utuk). Möwsümiň nobatdaky ýaryşy 7-nji aprelde Fransiýanyň Bastia şäherinde guralar.