Formula 1 Dünýä çempionatynda täze möwsümiň 2-nji ýaryşy bolan Bahreýn “Gran Prisinde” hem “Mersedes” toparynyň germaniýaly piloty Niko Rosberg ýeňiş gazandy. Möwsümiň 1-nji ýaryşy Awstraliýa “Gran Prisinde-de” ala baýdagy ilkinji bolup gören Rosberg Bahreýniň Sakhir çölünde ýerleşýän Halkara trassasyndaky 57 aýlawlyk bäsleşigi 1 sagat 33 minut 34,696 sekuntda tamamlady. Eýýäm ilkinji aýlawda 1-njilige geçen Rosberg ýaryşyň soňuna çenli ornuny saklamagy başardy we möwsümdäki 2-nji ýeňşini baýram etdi. F1-de bassyr 5-nji ýola 1-nji ýeri eýelän Niko Rosberg karýerasy boýunça 16-njy gezek pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Rosbergden 10,2 sekunt yza galan “Ferrari” toparynyň fin sürüjisi Kimi Raikkonen 2-nji, liderden 30,1 sekuntlyk az netije görkezen “Mersedesiň” başga bir piloty, soňky çempion Lewis Hamilton 3-nji orna mynasyp boldy. Britaniýaly sürüji ýaryşa 1-nji hatardan başlapdy. Çekeleşigi az bolan bäsleşikde awstraliýaly Daniel Rikkiardo (“Red Bull”) 4-nji, fransiýaly Roman Grožan (“Haas”) 5-nji, “Toro Rossodan” gollandiýaly Maks Werstappen 6-njy, “Red Bulluň” russiýaly sürüjisi Daniýl Kwýat 7-nji ýeri eýeledi. “Williams” toparynyň pilotlary braziliýaly Felipe Massa bilen finlýandiýaly Waltteri Bottas 8–9-njy orunlary paýlaşdy. Bahreýn “Gran Prisinden” utuk alan iň soňky pilot “MakLareniň” belgiýaly täze sürüjisi Stoffel Wandoorn boldy. “Ferrariniň” nemes sürüjisi Sebastian Wettel welin, 3-nji hatardan başlamaga hukuk gazanan ýaryşynda, bäsleşigiň öňüsyrasynda ulagynyň motorynda dörän näsazlyk sebäpli çykyş edip bilmedi.
Geçirilen 2 ýaryşdan soň, 50 utuk toplan Niko Rosberg 1-nji, 33 utukly Hamilton 2-nji, 24 utuk gazanan Rikkiardo 3-nji hatarda barýar. Toparlaryň arasynda 83 utuk toplan “Mersedes” 1-njiligi eýeleýär. “Ferrariniň” 33, “Red Bulluň” 30 utugy bar. F1-de möwsümiň 3-nji “Gran Prisi” 17-nji aprelde Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçiriler.