30-njy martda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi.
“Oguzhan” köşkler toplumynda Prezident Aleksandr Lukaşenkony hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Türkmen Lideri belent mertebeli myhmany ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilýän zala çagyrdy, şol ýerde ikiçäk görnüşde gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Aleksandr Lukaşenkony türkmen topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, belarus Lideriniň şu saparyna hem-de ýokary derejedäki duşuşyga Türkmenistanda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim hökmünde baha berilýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde abraýly halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Söwda-ykdysady ulgamda döwletara hyzmatdaşlygy uly kuwwata eýedir. Bu ulgamda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, şol sanda işewür toparlaryň ugry boýunça ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, ýyl-ýyldan işjeňleşdirilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we döwletara gatnaşyklarynyň täze, has ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Aleksandr Lukaşenko mähirli kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, her gezek Türkmenistana gelende ýurduň öňe tarap ynamly hereket edýändiginiň şaýady bolýandygyny we dünýädäki ykdysady çökgünlige garamazdan, türkmen ykdysadyýetiniň üstünliklerine hem-de ösüş depginine haýran galýandygyny nygtady.
Prezident Aleksandr Lukaşenko biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmäge belarusly hyzmatdaşlaryň hem goşant goşýandygyna şatdygyny belledi. Garlykda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurulmagy baradaky bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu kärhananyň ulanylmaga berilmegi türkmen ykdysadyýetiniň täze ugrunyň ösüşiniň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Döwletara hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňiň dowamynda belent mertebeli myhman Belarusuň hem-de Türkmenistanyň köp ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Özara haryt dolanyşygynyň ösüşiniň ýokary depgini hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Belarus Respublikasyna gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň Liderleri türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Prezidentler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hem-de ynsanperwer-medeni ulgamda bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmaga taýýardygyny tassykladylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Belarusy hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşinde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde möhüm syýasy hyzmatdaşy hasaplaýar.
Döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasynyň ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara bähbitlere hem-de gazanylan däplere daýanýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny aýratyn görkezmek bilen, häzirki wagtda Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan talyplaryň 8,5 müňden gowragy nyň bilim alýandygyny aýtdy. Soňra Belarus Respublikasynyň Prezidentine söz berildi. Belarus Türkmenistany Merkezi Aziýada möhüm ykdysady hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýar diýip, belarus Lideri aýtdy we türkmen Lideriniň logistiki düzümi hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmek baradaky başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi. Belarus Respublikasy bu ugurda hem hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Munuň özi Türkmenistandan önümleriň dürli görnüşleriniň iberilmegini we umuman, iki ugurda hem ýükleriň bökdençsiz daşalmagyny üpjün eder.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňiň dowamynda belent mertebeli myhman belarus tarapynyň ýurdumyza maşyn-gurluşyk önümlerini, şol sanda ýük daşaýan we oba hojalyk tehnikalaryny mundan beýläk-de ibermäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Demir ýol ulag ulgamynda hem özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikler bar. Prezident Aleksandr Lukaşenko özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwaty barada aýdyp, şu günki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary okgunly ösdürmäge goşmaça kuwwat berjekdigine ynam bildirdi.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Jenaýatçylyga garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet we sungat babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2017–2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Teswirnama; 2016-njy ýylyň 11-nji maýyndaky Türkmen-Belarus Söwda öýi tarapyndan Belarus Respublikasynyň çäklerine we Belarus-Türkmen Söwda öýi tarapyndan Türkmenistanyň çäklerine getirilýän harytlary goşulan baha üçin salgytlardan boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga degişlilikde Harytlaryň sanawyny tassyklamak hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2017-2018-nji ýyllarda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen “Belarus döwlet tehnologik uniwersiteti” bilim edarasynyň arasynda ylmy-tehniki we innowasion iş hem-de ylmy işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Polosk döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Belarusuň alyjylar kooperasiýasynyň söwda-ykdysady uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen “Brest döwlet tehniki uniwersiteti” bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen “Brest döwlet tehniki uniwersiteti” bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen “A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersiteti” bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama gol çekildi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, netijeli we baý mazmunly gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläk özara hereket etmeli anyk ugurlar kesgitlenildi.
Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde ýyllyk kuwwaty 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürmäge barabar bolan dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurulmagy türkmen-belarus ykdysady aragatnaşyklarynyň iň uly netijesidir we nyşanydyr.
Soňra iki ýurduň Liderleri Belarus Respublikasynyň Aşgabatda gurlan Ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Belarus Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy türkmen-belarus gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar hem-de netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam eder.