Türkmenistanda ilkinji we Aziýada iň iri kärhanalaryň biri bolan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň işe girizilmegi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli halk hojalygy toplumyny tiz wagtda senagatlaşdyrmak boýunça öňe sürýän ykdysady syýasatynyň öňdengörüjilikliliginiň aýdyň güwänamasy boldy.
Köýtendag etrabynda, Amyderýanyň sag kenarynda, kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagynda dag-magdany gaýtadan işleýji senagatyň iri merkezi döredildi. Garlyk ýatagy kaliý duzlarynyň uly gorlaryny özünde saklaýar.Kaliý duzlarynyň ýataklary örän seýrek gabat gelýär. Bilermenleriň baha bermegine görä, ol çig malyň hil derejesi daşary ýurtlardaky kaliý duzlarynyň hil derejesinden ýokarydyr.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan geçirilen halkara tenderiniň barşynda 2010-njy ýylda gurluşyga girişen APJ “Belgorhimprom” desganyň potratçysy boldy. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan ägirt uly önümçiligi döretmek doly maliýeleşdirildi.
Diňe kombinatyň çäklerine getirilen enjamlaryň bahasy ABŞ-nyň ýüzlerçe million dollaryna barabar boldy.
Garlyk kärhanasynyň taslama kuwwatyna çykmagy üçin her ýylda 7 million tonna magdany almak we gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Senagat toplumynyň kuwwaty diňe bir oba hojalygyny ekologiýa taýdan arassa kaliý dökünleri bilen doly üpjün etmän, eýsem-de bolsa, her ýyl gymmatly önümiň million tonnadan gowragyny eksporta ibermäge mümkinçilik berer.
Ulanylmaga berilmeginiň öňüsyrasynda kombinat diplomly inžener-tehniki we hünärli işçi hünärmenleriň ýüzlerçesi bilen üpjün edildi. Umuman, kärhanada 1700-den gowrak iş orny döredildi. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan senagat merkeziniň alkymynda täze ilatly nokady döretmek barada karar kabul edildi. Kombinatyň işgärleri üçin Garlyk şäherçesinde döwlet serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly binalar, umumy bilim berýän we sport mekdepleri, medeniýet öýi, çagalar baglary, hassahana we beýlekiler guruldy.
Kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça iri dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň işe girizilmegi hem şu strategiki meýilnamalar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 200-den 1 müň metre çenli çuňlukda ýerleşen önümli gatlaklary açmak şahta usulynda amala aşyrylar. Ýüzden gowrak binalardan we desgalardan durýan topluma magdany dykyzlandyrmak we baýlaşdyrmak boýunça önümçilikler girýär. Ähli işler halkara ölçeglerine laýyklykda awtomatlaşdyrylan gözegçilik we dolandyryş astynda bolup geçýär.
Himiýa senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän pudaklarynyň biridir. Oba hojalygynda we obasenagat toplumynda özgertmeler bilen baglylykda, azyk bolçulygyny döretmek üçin biziň ýurdumyzda, şeýle hem tutuş dünýä ýüzünde yzygiderli isleg bildirilýän mineral dökünlerini öndürmek boýunça ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bilermenleriň hasaplamagyna görä, bazaryň kaliý böleginde dünýä ýüzünde bu döküni peýdalanmagyň artmagy göz öňünde tutulýar.
Garlyk kombinatynyň ulag-logistiki düzümi onuň esasyny düzýändir. Awtomobil we demir ýollary gurlup, olar önümleri ulanyjylara Türkmenistanyň çägine we daşary ýurtlara ýetirmäge mümkinçilik berer. Bu kompleksiň gurluşygy Türkmenistanyň kaliý duzlaryny öndürmekde we eksport etmekde dünýäde öňdäki orunda durýanlygyny tassyklaýar.
Bu iri kompleksiň gurulmagy Türkmenistanyň işläp düzen düýpli döwlet strategiýasynyň innowasion-tehnologiki gorunyň ýokarlanýandygyny görkezýär.