28-nji mart­da Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ka­ren Ka­ra­pet­ýan bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Ol uly we­ki­li­ýe­te ýol­baş­çy­lyk edip, ýur­du­my­za gel­di. Iki­çäk gör­nüş­dä­ki du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem-de myh­man iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­niň en­çe­me­si­ni ara alyp mas­la­hat­la­şyp, ozal ga­za­ny­lan iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne hem-de dür­li ul­gam­lar­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mek üçin bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­re aý­ra­tyn üns ber­di­ler.
Iki ýur­duň mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň is­leg­le­ri­ni, ola­ryň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, mö­hüm ugur­la­ryň bir­nä­çe­sin­de uzak­möh­let­li we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri ta­rap­la­ryň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge ça­lyş­ýan­dyk­la­ry­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler.
Şeý­le hem, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-slo­wen Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin öz ýur­du­nyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­na ýol­baş­çy­lyk edip, Aş­ga­ba­da ge­len Slo­we­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri je­nap Karl Er­ýa­we­si ka­bul et­di.
Du­şu­şyk­da türk­men-slo­wen hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip pi­kir al­şyl­dy. Ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň bar­şy, dür­li ugur­lar­da döw­le­ta­ra ara­gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2015-nji ýy­lyň maý aýyn­da Slo­we­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­na bo­lan res­mi sa­pa­ry wag­tyn­da gol çe­ki­len hö­kü­me­ta­ra yla­la­şyk­la­ry­nyň we beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk res­mi­na­ma­la­ry­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi bel­le­nil­di.
Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň do­wa­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ral­dy hem-de gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry anyk­laş­dy­ryl­dy, hu­su­san-da, yk­dy­sa­dy ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­na ga­ral­dy.