Hal­ka­ra 40-njy Pa­riž ma­ra­fo­nyn­da er­kek­le­riň hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da ke­ni­ýa­ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­lar öňe saý­lan­dy. Er­kek­ler­den ke­ni­ýa­ly Sib­ri­an Ko­tut 2 sa­gat 7 mi­nut 11 se­kunt­da pel­le­ha­na­dan ge­çip, 1-nji or­ny eýe­le­di. Ol şu ýyl Pa­riž­de ge­çi­ri­len ýa­rym ma­ra­fon­da-da gar­şy­daş­la­ryn­dan üs­tün çy­kyp­dy. Ko­tut­dan soň 2–3-nji ýer­le­ri onuň wa­tan­daş­la­ry La­ban Ko­rir bi­len Ste­fan Çem­la­ni paý­laş­dy­.
Ze­nan yl­gaý­jy­la­ryň ara­syn­da­ky ma­ra­fon­da ke­ni­ýa­ly Wi­si­li­ne Jep­ke­şo pel­le­ha­na­dan 1-nji bo­lup geç­di. Ge­çen ýyl­ky bäs­le­şik­de 3-nji ýe­ri eýe­l­än Jep­ke­şo­nyň gör­ke­zen ne­ti­je­si 2 sa­gat 25 mi­nut 53 se­kun­da deň bol­dy. Jep­ke­şo­dan soň efio­pi­ýa­ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­lar Gu­lu­ma Ça­la 2-nji, Dink­neş Te­fe­ra 3-nji bas­gan­ça­gy eýe­le­di.