2019-njy ýyl­da BAE-de ge­çi­ril­jek Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy şow­ly baş­la­dy. “E” to­par­ça­da çy­kyş ed­ýän il­deş­le­ri­miz il­kin­ji oý­nu­ny myh­man­çy­lyk­da Hy­taý Taý­pe­ýi döw­le­ti­niň ýy­gyn­dy­sy bi­len ge­çir­di. Du­şu­şy­ga Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan Kim Hi-gon emin­lik edip, oý­na 5898 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Türk­men fut­bol­çy­la­ry tu­ruwbaş­dan er­jel oýun gör­kez­di­ler. Oý­nuň 23-nji mi­nu­tyn­da Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew ha­sa­by aç­dy. Şon­dan soň 1 mi­nut ge­çip-geç­män­kä-de il­deş­le­ri­miz ýe­ne bir gol ge­çir­di. Ony Ars­lan­my­rat Ama­no­wyň aja­ýyp pa­syn­dan soň, Rus­lan Min­ga­zow aň­sat­lyk bi­len der­we­zä gi­riz­di. Duşuşygyň iň soňky minutlarynda emin türkmen futbolçylarynyň derwezesiniň alkymynda 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Bu urgyny Çen Po-Liang dürs ýerine ýetirip, hasaby 2-1-e ýetirdi. 2-nji ýarymda oýnuň dartgyny az-owlak pesräk geçdi. 83-nji minutda ildeşlerimiziň sag gapdaldan amala aşyrylan hüjümi netijeli boldy. Has ta­ky­gy, Rus­lan Min­ga­zo­wyň je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň içi­ne gö­nük­di­ren pök­gü­si­ni Mu­rat Ýak­şi­ýew­den öňür­ti Çen Çia-Çun ýal­ňyş­lyk bi­len öz to­ru­na gi­riz­di. Oý­nuň 90+3-nji mi­nu­tyn­da du­şu­şyk­da il­deş­le­ri­mi­ziň ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­da esa­sy rol oý­nan Rus­lan Min­ga­zow 2-nji sa­ry pe­tek alyp, meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy. Ne­ti­je­de, türk­men fut­bol­çy­la­ry 2019–Azi­ýa Ku­bo­gy­na gat­naş­mak ug­run­da­ky il­kin­ji sy­na­ny­şy­gy­ny şow­ly ta­mam­la­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy Hy­taý Taý­pe­ýi bi­len oza­lam 3 ge­zek du­şu­şyp­dy we üçü­sin­de-de gol ge­çirt­mez­den ýe­ňiş ga­za­nyp­dy (5–0, 1–0, 2–-0). Il­kin­ji 3 utu­gy­ny ga­za­nan Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry to­par­ça­da 1-nji ha­tar­da bar­ýar. To­par­ça­da­ky beý­le­ki oýun, ýag­ny, Bah­reýn bi­len Sin­ga­pu­ryň du­şu­şygy 0–0 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy. In­di­ki oýun­lar 13-nji iýun­da oý­na­lyp, şon­da il­deş­le­ri­miz Bah­reý­ni ka­bul eder.

Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy Hy­taý Taý­pe­ýi­niň gar­şy­sy­na şu dü­züm­de meý­dan­ça çyk­dy: Mäm­met Oraz­mu­ham­me­dow; Me­kan Sa­pa­row, Ser­dar An­nao­ra­zow, Bag­ty­ýar Ho­ja­ah­me­dow, Şöh­rat Sö­ýü­now; Ser­dar Gel­di­ýew, Il­ýa Ta­mur­kin (Ak­my­rat Ju­ma­na­za­row 80), Rus­lan Min­ga­zow, El­man Ta­ga­ýew (Gu­wanç Aby­low 88); Ars­lan­my­rat Ama­now, Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew (Mu­rat Ýak­şi­ýew 72).
Saý­la­ma tap­gy­ry­nyň to­par­ça­la­ryn­da­ky du­şu­şyk­la­ryň ne­ti­je­le­ri: “A”: Mýan­ma–Hin­dis­tan: 0–1, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy–Ma­kau: 1–0; “B”: Li­wan-Gon­kong: 2–0, D. Ko­re­ýa–Ma­laý­zi­ýa (so­ňa go­ýul­dy); “C”: Ow­ga­nys­tan–Wýet­nam: 1–1, Ior­da­ni­ýa–Kam­bo­ja: 7–0; “D”: Oman–Bu­tan: 14–0, Mal­diw­ler–Pa­les­ti­na: 0–3; “E”: Hy­taý Taý­pe­ýi–TÜRK­ME­NIS­TAN: 1–3, Bah­reýn–Sin­ga­pur: 0–0; “F”: Fi­lip­pin­ler–Ne­pal: 4–1, Ýe­men–Tä­ji­gis­tan: 2–1.