2018–Russiýa Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Aziýa zolagynda-da 6–7-nji duşuşyklar geçirildi. “A” toparçada 2 tapgyrda oýnalan 6 duşuşyk hem 1–0 hasabynda tamamlandy. 5 oýunda ýer eýeleri ýeňen bolsa, myhmançylykda diňe Eýranyň ýygyndysy ýeňiş gazandy. Toparçanyň lideri Eýran ilki myhmançylykda Katary, soňra-da Tähranda Hytaýy 1–0 hasabynda utdy. Gollaryň 2-sini hem Mehdi Taremi derwezä girizdi. 7 oýunda-da gol geçirtmezden, 17 utuk toplan Eýran golaý garşydaşyndan 4 utuk öňde barýar. Özbekler myhmançylykda Siriýadan 90+1-nji minutda Karbiniň penaltiden geçiren golundan soň, 1–0 hasabynda asgyn geldi. Olar soňky duşuşykda Katary Odil Ahmedowyň ýeke-täk pökgüsi esasynda ýeňmegi başardy.
“B” toparçada Saud Arabystanynyň ýygyndysy ilki Tailandy 3–0, soňra-da Yragy 1–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. BAE-ni 2–0 hasabynda ýeňen Ýaponiýa Tailandyň ýygyndysynyň torundanam jogapsyz 4 pökgi geçirdi. Ilki Yrak bilen bolan oýunda 2 utuk ýitiren Awstraliýa öz meýdançasynda BAE-ni 2–0 hasabynda ýeňdi.