Formula 1 boýunça 68-nji möwsüme badalga berildi. Ýylyň ilkinji ýaryşy adatça bolşy ýaly, Awstraliýanyň Melburn şäherinde geçirilip, oňa “Mersedes” toparynyň britan piloty Lewis Hamilton 1-nji hatardan başlady. Ol 17-nji aýlawda “pit-stop” edeninden soň, ornuny gollandiýaly Maks Werstappene (“Red Bull”) aldyrdy. 23-nji aýlawda-da germaniýaly Sebastian Wettel (“Ferrari”) öňe geçdi. 3–4 aýlawdan soň, Wettel Hamilton bilen arasyndaky aratapawudy 6 sekunda çykardy. Ýaryşyň galan aýlawlarynda-da üýtgeşiklik bolman, kem-kemden arany açan Sebastian Wettel möwsümiň ilkinji ýaryşynda 1-nji orny eýeledi. Ol 57 aýlawy 1 sagat 24 minut 11,672 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky 43-nji ýeňşini gazandy. Ondan 9,9 sekunt yza galan Lewis Hamilton 2-nji, 11,2 sekunt az netije görkezen finlýandiýaly Waltteri Bottas (“Mersedes”) 3-nji orna mynasyp boldy. Şunlukda, “Ferrari” topary 2015–Singapur “Gran Prisinden”, başgaça aýdylanda, 1,5 ýyldan soň, ilkinji gezek ýeňiji boldy. Möwsümiň ilkinji ýaryşynda “Ferrariden” Kimi Raikkonen 4-nji, Maks Werstappen 5-nji ýeri eýeledi. Möwsümiň 2-nji ýaryşy 9-njy aprelde Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçiriler.