Moto GP dünýä çempionatynyň täze möwsümine badalga berlip, ýylyň ilkinji bäsleşigi Katarda geçirildi. 69-njy Moto GP möwsüminiň ilkinji ýaryşynda “Ýamaha” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Mawerik Winýales ýeňiji boldy. Ilkinji hatardan başlan 22 ýaşyndaky Winýales 1-nji aýlawda ornuny aldyrdy. 7-nji aýlawdan soň, Winýales bilen “Dukatiden” Andrea Dowiziosonyň arasynda ýeňiş ugrunda ýiti göreş başlady. Soňky aýlawa çenli italiýaly Dowizioso ýaryşy iň öňde dowam etdirenem bolsa, ahyrynda Winýales garşydaşyndan ozmagy başardy. Şunlukda, Winýales 20 aýlawy 38 minut 59,999 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky 2-nji ýeňşini baýram etdi. Ondan 0,461 sekunt yza galan Andrea Dowizioso 2-nji, başga bir italýan pilot, ýeňijiniň topardaşy, rowaýaty Walentino Rossi 3-nji ýeri eýeledi. “Honda” toparynyň ispan pilotlary, geçen ýylyň çempiony Mark Markes 4-nji, Dani Pedrosa-da 5-nji orna mynasyp boldy. Möwsümiň indiki ýaryşy 9-njy aprelde Argentinada geçiriler.