Bra­zi­li­ýa 21-nji ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gyn­da
Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de Gü­nor­ta Ame­ri­ka zo­la­gyn­da to­par­lar 2 du­şu­şyk ge­çir­di. Şo­la­ryň 2-sin­de hem ýe­ňiş ga­za­nan Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Dün­ýä Ku­bo­gy­na ýol­lan­ma al­ma­gy ba­şa­ran il­kin­ji to­par bol­dy. Braziller il­ki myh­man­çy­lyk­da Pau­li­nio­nyň het-trik eden oý­nun­da Urug­waý­dan 4–1, soň­ra-da öz meý­dan­ça­syn­da Pa­rag­wa­ýy 3–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Her oýun­da 1 gol ge­çi­ren Neý­mar il­kin­ji ge­zek ka­pi­tan hök­mün­de meý­dan­ça çy­kan bu du­şu­şy­gyn­da 53-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den ýer­lik­li peý­da­la­nyp bil­me­di. Şeý­le­lik­de, saý­la­ma tap­gy­ry­na ýeň­liş bi­len baş­lan 5 ge­zek Dün­ýä­niň çem­pio­ny Bra­zi­li­ýa soň­ky 13 oýun­da 10 ýe­ňiş ga­zan­dy. Mun­dan öň­ki äh­li Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­na­şan ýe­ke-täk to­par bo­lan Bra­zi­li­ýa 21-nji ge­zek ýer şary­nyň iň uly fut­bol ýa­ry­şyn­da çy­kyş eder.

Mes­sä 4 oýun­lyk je­ri­me
Mu­nuň ter­si­ne, Ar­gen­ti­na üçin ýag­daý o di­ýen öwer­lik­li däl. Çi­li­ni Lio­nel Mes­si­niň pe­nal­ti go­ly bi­len ýe­ňen argentin­ler Bo­li­wi­ýa­dan 2–0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Hä­zir­ki wagt­da 5-nji ha­tar­da bar­ýan to­pa­ryň su­per ýyl­dy­zy Lio­nel Mes­si Çi­li du­şu­şy­gyn­da gap­dal emin bi­len je­del­le­şe­ni üçin FI­FA ta­ra­pyn­dan 4 oýun­lyk je­ri­me be­ril­di. Mes­si­niň oý­na­ma­dyk 8 du­şu­şy­gyn­da di­ňe 1 ge­zek ýe­ňen ar­gen­tin­ler üçin su­per ýyl­dy­zy­nyň ýok­lu­gy uly ýit­gi bo­lup dur­ýar. Şeý­le-de bu tap­gyr­da 6 utuk top­lan Ko­lum­bi­ýa 2-nji or­na çyk­dy.